Döwrebap tehnologiýalar kämil bilimiň badalgasy

17 Noýabr 2023
536

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durnukly ösüşi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy bedew batly döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Iň döwrebap multimediýa hem-de innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylyşy gün-günden artýar. Şeýlelikde, multimediýa hem-de innowasion tehnologiýalar bilim bermegiň, ýaşlary ylmyň haýsydyr bir ugruna ugrukdyrmagyň esasy şertleriniň birine hem-de döwrebap okadylyşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şulardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde multimedia serişdeleriniň, internet ulgamynyň bilim bermekdäki orny örän ýokarydyr. Gün-günden ösýän tehnologiýalar jemgyýetimizde ýaşaýan we okaýan mekdep okuwçylarynyň maglumat almaga bolan talaplary hem mümkinçilikleri has ýokary, bu bolsa sapaklary täzeçe guramaga çemeleşmegi talap edýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynda döwrebap bilim bermegiň aýrylmaz serişdesine öwrülen, bilim işgärleri tarapyndan giňden peýdalanylýan interaktiw tagta bu işleri talabalaýyk alyp barmakda iňňän uly ýardamçydyr. Sapagy interaktiw tagtanyň kömegi bilen geçirmek isleýän mugallym, onuň deslapky ýazgylaryny taýýarlanda, ilkinji nobatda, haýsy maglumaty haçan görkezmelidigini, onuň üçin interaktiw tagtanyň haýsy mümkinçiliklerinden peýdalanmalydygyny aýdyňlaşdyrmaly. Görkeziljek maglumatlaryň, suratlaryň yzygiderliligini, özara baglanyşygyny öňünden kesgitlemeli. Interaktiw tagtanyň mümkinçilikleri diýseň uly: onuň tekst redaktory, CD we DVD, internet, wideofaýllar, şekilleri görkezmek ýaly serişdelerini islendik sapakda peýdalanyp bolar.