Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

2 gün öň
21

Geçen hepde döwlet we halkara derejeli möhüm wakalara baý boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapýar.

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergiler, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«Ahal durmuşy».