Toý ruhuna eýe boldy

10 sagat öň
11

Bäherden etrap sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, sport mekdebiniň halypa tälimçileridir türgenleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynan türkmen sporty” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, Watanymyzyň ösüşleri, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty, ýaşlaryň sportda taplanmagy we dürli ýaryşlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmegi ugrunda döredilen şertler hakda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.

Täçmyrat ŞYHBERDIÝEW,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.