Okuwçynyň özbaşdak iş usuly

19 Noýabr 2023
947

Çeper edebiýaty öwrenmek bilen baglanyşykly okuwçyda özbaşdak işlemek, pikirlenmek, oýlanmak, tapmak endiklerini döretmek we ösdürmek işine okuwçynyň özbaşdak iş usuly diýilýär. Bu usula mugallymyň okuwçylara edebiýaty okamak, öwrenmek üçin tabşyrýan ähli özbaşdak işleri degişlidir. Bu usul okuwçylaryň döredijilik endigini ösdürmekde örän ähmiýetli.

Okuwçynyň özbaşdak iş usulynyň dürli tärleri bar: a) beýannama we düzme; b) meýilnama düzmek (ýönekeý we çylşyrymly meýilnama, eseriň žanry boýunça meýilnama düzmek); ç) ýumuşlar (eseri ýa ondan bölekleri ýat tutmak, okuw kitabynda berlen sorag we ýumuşlar boýunça işlemek); d) nutuk, referat (monografik temalar boýunça nutuk, referat, sapakdan daşary işlere ýa-da baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlanan nutuk); e) çekişme-jedel we başgalar.

Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň ýokary hünär derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.