Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

19 Noýabr 2023
753

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň ylymly, bilimli, kämil hünärmenler bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär hem-de bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Bu ugurdan kämil hünärmenler taýýarlanylýar, olaryň bilim derejesine üns berilýär. Ösen tehnologiýalary ýaşlara öwretmekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde netijeli işler amal edilýär.

Häzirki döwürde ylym-bilimiň kämil derejä eýe bolmagy üçin dürli pudaklarda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Umumylykda alanyňda, sanly ulgamyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň has-da ilerlemegine we kuwwatlanmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine ýetirip, maksatnamalary durmuşa ornaşdyryp bolýar. Şunuň özi hem ösüşe tizlik berýär, üstünligiň täze ugry bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň has-da ösmegini üpjün edýär. Şonuň üçin hem sanly ulgama oňat düşünýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap işler ýola goýulýar.

Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.