Döwrebap bilim ojagy

21 Noýabr 2023
706

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek bilen baglylykda, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen bilim ojagy bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu mekdep ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri üçin usuly merkez hökmünde hereket edýär. Mekdebimiziň owadan binasyna giren ýeriňde hormatly mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen pähimli sözleri ýazylan heýkeli nesilleri milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki Yzgant şäherçesi gadymy obalaryň biri bolup, onda 2009-njy ýylda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdep gurlup, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berildi. Mekdep üç gatly bolup, ol 400 okuwça niýetlenendir. Bu mekdebiň binasynyň içinde suw howzy, uly sport zaly we howlusynda sport meýdançalarynyň ikisi hereket edýär.

Ogulşat DURDYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.