"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk paýhasynda — bürgüt ruhy

Ata-babalarymyzyň tebigata, guşlara yzygiderli gözegçiliginiň netijesinde, halk paýhasynyň gönezliginde olar bilen bagly ençeme düşünjeler jemlenipdir. Taryhy tapyndylarda guşlar, köplenç, ganatlaryny ýaýyp duran ýa-da ýygran görnüşinde şekillendirilipdir. Bu guşlaryň zoologik görnüşini anyklamak mümkin däl diýen ýalydyr. Käteler olar bürgüde ýa-da elguşa, käteler bolsa tawusa ýa-da kepderä çalym edýär. Pederlerimiziň awa salynýan elguş, bürgüt bilen baglanyşykly ruhy ýörelgeleriniň bolandygyny taryhy maglumatlar görkezýär. Elguş Oguz hanyň ýöriş çadyrynyň bezegi bolupdyr. Oguz hanyň öz nebereleriniň güýç-gaýratyna, akyl-paýhasyna, ukyp-üşügine garap, aw guşlarynyň hersini tagma-bellik hökmünde nesillerine berendigi barada «Oguznamalarda» we käbir çeşmelerde ýatlanylýar. Bu barada «Oguznamada» şeýle diýilýär: «Oguz han ogullaryny iki tarapynda oturdyp, sag tarapynda altyn tutawaçly baýdak dikip, depesinde altyn bürgüt, çep tarapynda bolsa kümüş tutawaçly baýdak dikip, kümüş laçyn oturdypdyr». Oguz hanyň tugunda iki kelleli bürgüdiň şekili bolupdyr we ol döwlet tugy hasaplanypdyr. Bu barada Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly meşhur eserinde hem ýatlanylýar. Parfiýa gylyçlarynyň saplarynda, köplenç, bürgüt kelleleri bolupdyr. Bürgüt şekilleri Nusaýdan tapylan bezegli galkanlarda hem bar.

Meşhur sugunlar (Sizi bular gyzyklandyrýarmy?)

Täze ýylyň iň ýakymly aýratynlyklarynyň biri-de Aýazbabanyň meşhur sugunlarydyr. Garpamygyň, arçanyň bu baýramyň esasy nyşanlary bolşy ýaly, Aýazbabanyň sugunlary hem baýramyň esasy gahrymanlarydyr. Sugunlary Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrmak hakdaky pikirler ilkinji gezek amerikan şahyry Klark Muruň goşgusyndan soňra peýda bolýar. Goşguda Aýazbabanyň sekiz sany jadyly sugunda uçup, çagalara sowgat paýlaýşy hakda beýan edilýär. Şunlukda, bu sugunlar Täze ýylyň söýgüli gahrymanlary hökmünde tanaldy. Şondan soňra olara mahsus häsiýetler we atlar dürli eserlerde beýan edilip başlandy.

Jikjikiler — saýrak guşjagazlar

Behişdi Diýarymyzyň baý haýwanat dünýäsiniň täsin wekilleriniň biri-de jikjikilerdir. Serçeler toparyndan bolan bu kiçijik guşjagazlar, dünýäniň köp ýurtlarynda duşýarlar. Olar ýurdumyza bahar aýynda uçup gelip, sentýabr — oktýabr aýlarynda ýyly ülkelere göçüp gidýärler. Biziň ýurdumyzda bu guşjagazlaryň birnäçe görnüşi duş gelýär. Jikjikiler halk döredijiliginde-de, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde-de özüniň çeper beýanyny tapypdyr. Olar örän hereketjeň bolup, yzyny üzmän saýraýarlar. Bu häsiýet olaryň erkeklerine has mahsusdyr. Şol sebäpli köp gepleýän hem-de bir ýerde dek oturyp bilmeýän adamlary, köplenç, olara meňzedýärler. Bu guşlaryň göwreleriniň uzynlygy 11-den 13 santimetre, ganatlarynyň gerimi 17-den 22 santimetre, agramlary bolsa 8-den 11 grama çenlidir. Olaryň kelte guýruklary, uzyn aýaklary, inçe çüňkleri bolýar. Jikjikileriň garynlarynyň aşagy açyk reňkli, beýleki ýerleriniň aglaba bölegi sary, ýaşyl ýa-da goňur reňkli bolýar. Aziýada ýaşaýan bu guşlaryň käbir görnüşleriniň guýruklarynyň we ganatlarynyň gyralary we gözleriniň aşaklary açyk reňkli bolýar.

Biler bolsaňyz...

Süýdemdirijileriň gany gyzyl, mör-möjekleriňki sary, leňňejiňki bolsa mawy reňkli bolýar. * * *

Suwiti

Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde goralmaga degişli, ýitip barýan, azalýan ýa-da seýrek görnüşlerinden başga-da az öwrenilen, ýöne sany azalýan we ýaýrawy daralýan görnüşler hem bar. Milli baýlygymyz bolan şol haýwanlary gorag astyna almak we ylmy taýdan öwrenmek işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle işler suwiti babatynda hem alnyp barylýar. Biziň muzeýimiziň tebigat zalynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly diorammasynda bu ýerde mesgen tutan janly-jandarlar barada dürli maglumatlar berilýär. Şolaryň arasynda gemrijiler toparyna degişli bolan suwiti-de bar. Olar süýdemdiriji haýwanlardyr. Suwiti daşky görnüşi boýunça syçana meňzeýän iri gemriji jandardyr. Olaryň kelleleri uly, gulaklary we gözleri kiçi bolýar.

Biler bolsaňyz

Pişikler ömürleriniň 70 göterimini uklap geçirýärler. * * *

Garagumuň täsin jandary

Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde oňurgasyz we oňurgaly haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň, süýdemdirijileriň köp görnüşlerine gabat gelmek bolýar. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde duşýan süýdemdirijileriň biri-de gum pişigidir. Ylma mälim bolan ilkinji gum pişigi Alžiriň Saharasyndan tapylyp, 1858-nji ýylda bu barada habar berilýär. Şu güne çenli Marokkoda, Alžirde, Nigeriýada, Çadda, Müsürde, Arap ýarymadasynda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda gum pişigi hasaba alyndy. Merkezi Aziýada 1925-nji ýylda Garagum sährasynda ilkinji gezek bu jandaryň bardygyny görýärler. Ol 1960-njy ýyllaryň ahyryna çenli Üstýurt düzlügine, Köpetdaga, Amyderýa we Syrderýa aralygyna (Gyzylgum), Garaguma ýaýrap başlaýar. Ilat sanynyň köpelmegi hem-de tebigy şertleriň üýtgemegi nazara alnyp, gum pişigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik tarapyndan hasaba alynýar.

Te­bi­gat­da ýa­şa­ýan pan­da­la­ryň sa­ny­ny ha­sap­la­dy­lar

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Hy­ta­ýyň Mil­li to­kaý ho­ja­ly­gy we öri meý­dan­la­ry do­lan­dy­ryş eda­ra­sy äpet pan­da­la­ryň sa­ny­ny go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan mak­sat­na­ma­nyň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di. Glo­bal Ti­mes ga­ze­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de ýurt bo­ýun­ça bu haý­wan­lar üçin 67 go­rag­ha­na­nyň dö­re­dil­me­gi üp­jün edil­di. Ne­ti­je­de, te­bi­gat­da ýa­şa­ýan pan­da­la­ryň sa­ny 1900-e ýet­di.

Mü­neň­de şaý bol­sa tü­kel es­ba­by

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Türk­me­ni dün­ýä­de ta­nad­ýan mil­li şaý-sep­le­ri, ha­ly­la­ry, du­ta­ry bi­len bir ha­tar­da eziz sa­ýyl­ýan be­dew at­la­ry he­mi­şe söý­gä, sy­lag-hor­ma­ta my­na­syp­dyr. Döw­le­ti­miz­de at­çy­ly­gy ös­dür­mek, türk­men at­çy­lyk spor­tu­ny gal­kyn­dyr­mak hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­le­rin­de gu­rul­ýan uly ýa­ryş­lar­da tä­ze ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len äh­li we­la­ýat­lar­da öz möç­be­ri bo­ýun­ça haý­ran gal­dyr­ýan hal­ka­ra de­re­je­li at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

TÜRKMEN ALABAÝY – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

«Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr». Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat medeniýetiniň ösüşine, dünýä jemgyýetiniň galkynyşyna maddy we ruhy mirasy bilen uly itergi berendigini äleme äşgär edýär. Gözelligiň nepis nusgasy bolan halydyr dokma önümleri, ýelden ýyndam türkmen bedewi, wepadarlygy we edermenligi bilen dillerde dessan bolan alabaý iti halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu miras ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz guwanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynda:

Türkmen alabaýy — wepaly kömekçi

Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen naýbaşy tohum alabaý itleri türkmenleriň milli gymmatlygy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna sowgat beren «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmeniň topragynda örňäp-ösen haýwanlaryň ählisinde diýen ýaly ynsana ýakyn mähremlik bardyr. Türkmen aga ýöne ýerden kellesi gazan ýaly, döşi gapak ýaly, hem erinlek, hem nazarkerde köpegine «It — wepa» diýmändir-ä» diýip nygtaýar. Türkmenistanyň çäginde alnyp barlan arheologiýa barlaglarynyň dowamynda alabaýyň heýkeljigi, suratlardaky keşbi, kerpiçlerde galan aýak yzlary ýüze çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda Paryzdepeden, Şähryslam ýadygärliginden tapylan alabaýyň yzlary hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Agronomyň arzyly menzilleri

Könelerimiziň: «Boljak oglan başdan belli» diýişleri ýaly, Ahmet aganyň hem ene ýere bolan yhlasy has ýaş wagtlary aýan boldy. Ony içgin tanaýanlaryň aýtmaklaryna görä, Ahmet aga okuwdan boş wagtlarynyň aglabasyny öz hojalygyna degişli mellek ýerinde ýa-da şol wagtky kolhozyň ekin meýdanlarynda geçirerdi. Topar ýolbaşçysynyň tabşyran her bir işine yhlasly çemeleşerdi. Ekerançylyk ýerlerinde ekilýän ekinleriň islendiginiň ekiş, bejeriş, ýygym işlerine höwes bilen gatnaşardy. Ol janypkeşligi, tutanýerliligi bilen beýleki ýoldaşlaryna-da görelde bolardy. Haçan-da orta mekdebi, harby gullugy tamamlap, hünär saýlamaly bolan wagtlary hem ol ýaýdanman, Türkmenabadyň oba hojalyk işgärlerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, agronomçylyk hünärinde okap, bilimini artdyrdy. Oba hojalyk işlerine öňdenem bişişen ýigide okuw onçakly kyn düşmedi, gaýtam, tejribede görenlerini has-da düýpli öwrendi. Okuwda ol täze ýerleri özleşdirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, ekerançylyk ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almagyň, umuman, ýerden bol hasyl almagyň ähli usullaryny öwrendi. Tapawutlanan diplom bilen orta hünär okuw mekdebini tamamlan Ahmet 1990-njy ýylda öz obasynda, ýagny, Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginde agronom bolup, zähmet ýoluna başlady.

Soňky sütün

* Milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde Magtymguly şaýolunyň tegelek görnüşli çatrygynda gurduran «Türkmen alabaýy» atly heýkeli milli gymmatlygymyza bolan buýsanjy dabaralandyrýar. Diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşýän, umumy beýikligi 15 metre deň bolan heýkeliň 9 metri postamentden, 6 metri bolsa alabaýyň şekilinden ybaratdyr. * Ýagşyň sazlaşykly sesi ynsan beýnisini rahatlandyrýan bolsa, ol itleriň duýgur gulaklaryna zeper ýetirip bilýär. Sebäbi it adamdan 10 esse gowy eşidýär we 100 müň esse gowy ys alýar.

Siz muny bilýärsiňizmi?!

Kirpi. Çagalar, kirpijikler size tanyşmy?! Kirpiler örän täsin jandarlaryň biri hasaplanylýar. Onuň arkasy tikenler bilen örtülen bolup, bu tikenler ony dürli howpdan goramaga kömek edýär. Kirpiler adamlara howp salmaýar. Onuň kiçijikden tegelejik burunlary bolup, ys alyjylygy güýçli ösendir. Onuň ýiti gözleri we akja keýerip duran gulajyklary bardyr. Kirpileriň eşidişi has kämildir. Olaryň 18 ýyllyk ömri bar. Olar, köplenç, gijelerine awa çykýarlar. Özüne howp abanýan pursatlarynda arkasyndaky tikenli örtügi onuň hemme bedenine ýumak görnüşinde örtülýär. Boýlary 13-30 santimetr aralygyndadyr. Olaryň agramy 400 gramdan 1 kilogram aralygynda bolup bilýär. Tikenleriniň uzynlygy 2-3 santimetr aralygyndadyr. Kirpiniň bedenindäki tikenleriň sanynyň ortaça 6 müňe golaýdygy anyklanyldy. Dünýä ýüzünde Malaýa kirpisi ýeke-täk tikensiz kirpi hasaplanylýar. Pyşdyl. Bular örän haýal jandar hasaplanylýar. Onuň kellesi göwresine görä, örän kiçijikdir. Agyzlary bolsa adaty guşlaryň çüňküne meňzeýär. Pyşdyllaryň gury ýerde, batgalyklarda we deňizlerde ýaşaýan görnüşleri bardyr. Aýaklarynyň barmaklarynyň uçlaryndaky dyrnaklary örän ýitidir. Gury ýerde ýaşaýan pyşdyllar örän haýal hereket edýärler. Munuň tersine, deňizlerde we batgalyklarda ýaşaýan pyşdyllar diýseň çalasyn hereket etmegi başarýarlar. Batgalyklarda ýaşaýan pyşdyllaryň yzky aýaklarynyň barmaklary dörtdür. Deňizde ýaşaýan pyşdylla

Durnalar hakda gyzykly maglumatlar

Durnalar dünýäniň uçup bilýän iň uly guşy hasaplanylýar. Olar Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada ýaşaýan guş maşgalalaryna degişli bir urugdyr. Durnalaryň boýunyň uzynlygy 70 santimetrden 100 santimetr aralygynda bolýar.

Muny bilmek gyzykly

Žirafalar süýdemdirijileriň arasynda iň uzynydyr. Olaryň boýy 5,5 metre ýetýär. Muňa garamazdan, olaryň ukusy örän gysgadyr. Olar bir gije-gündizde 2 sagatdan hem az uklaýarlar. Özi-de uklan wagtlary hem aýak üstünde bolýarlar. Ýörite içki klapanynyň bolmagy olara huşuny ýitirmän, kellesini aşak egip uklamaga mümkinçilik berýär. * * *

Bulary bilmek gyzykly

• Dünýäde iň kiçijek guş bolan kolibri sekuntda 60-80 gezek ganatlaryny kakýar.

Köwük

Köwük ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişigiň meýdan alamatlary barada gysgaça aýtsak, ululygy öý pişiginiňki ýalydyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 40—57 santimetre, guýrugynyňky 23—35 santimetre çenli bolup, aýaklary gysgarakdyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolup, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar. Köwügiň arka tarapy garamtyl-çal reňkde bolup, bedeniniň aşak tarapy ak reňklidir. Köwükler Garagumdaky Darjagum çölünde, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew sähralygynda we Sandykly çölünde duş gelýärler. Olar häzirki döwürde Köýtendagyň dag-etek düzlüginden we Etrek jülgesinden ýitdiler. Köwükleriň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülen berkeşen we ýarym berkeşen çägeliklerdir. Olar gür gara sazakly ýerlerde we aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler, dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Köwükler ýurdumyzyň çäginden başga-da, Arabystanda, Sinaý ýarym adasynda we Sahara çölünde ýaşaýarlar.

Be­je­riş­ha­na­da iş­ler ile­ri

Änew şä­he­ri­niň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de we­te­ri­na­ri­ýa be­je­riş­ha­na­sy we öý haý­wan­la­ry sak­lan­ýan top­lum ýer­leş­ýär. Bu top­lum Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da 2020-nji ýyl­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga ber­lip­di. Ata-ba­ba­la­ry­myz te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň, ony yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­ma­gyň öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler. Asyr­lar­bo­ýy kä­mil­leş­di­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy, şol sanda haýwanat dünýäsini goramaga gö­nük­di­ri­len ka­da­lar bu gün ýur­du­myz­da has-da ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let we­te­ri­na­ri­ýa gul­lu­gy­nyň we­te­ri­na­ri­ýa be­je­riş­ha­na­sy­nyň alyp bar­ýan iş­le­rin­de-de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.

Täsinlikler dünýäsi

Pingwinleriň nähili haýwandygyny köpler bilýändir. Sebäbi oňa iň bolmanda, kinolarda ýa-da teleýaýlymlarda syn edip bolýar. Emma olaryň süýji suwy içmeýändikleri welin, hemmelere aýan däldir. Şu hem bu jandarlaryň başgalardan bir aýratynlygydyr. * * *