Ýaşlar — geljegi gurujylar

20 Noýabr 2023
527

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16 — 18-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli geçirildi. Halkara forumyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 140-syna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Biz hem ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän, şeýle-de bu ugurda ökde hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda okap bilim alýan talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmaklary bilen gutlap, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.