Oba hojalygynda bilimli hünärmenler

19 Noýabr 2023
515

Häzirki ajaýyp döwrümizde ykdysadyýetiň ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar, ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim özgertmeleriniň, okatmagyň döwrebap usullarynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikleriň, döwrebap şertleriň oňat ýardamyny berýändigini bellemek gerek. Şunda okuw işini tejribe bilen sazlaşykly alyp barmak, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, barlaghanalarda talyplara öwretmek üçin tagalla edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär, sanly tehnologiýalara giňden üns berilýär. Munuň özi bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Sanly tehnologiýalar, şeýle hem barlaghanalarda ornaşdyrylan enjamlar talyplara bilim bermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde talyplara bilim bermegiň döwrebap usullary ulanylýar. Bu ugurda kompýuter tehnologiýalary bilen bir hatarda barlaghanalarda tejribe sapaklary guralýar. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini barlamaga, tejribede görmäge we geljekde iş ýüzünde ulanmaga ýardam edýär, taýýarlanylýan oba hojalyk hünärmenleriniň kämilligini artdyrýar.

Intizar KULLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.