Bilim — bagtyň çyragy

15 Noýabr 2023
657

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşli menzillere tarap öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyny bellemek örän ähmiýetlidir. Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyna degişli kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk gelýän derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine ezber hünärmenleriň kemala gelmegine getirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýip belleýşi ýaly, biziň nurana geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýarlygy, olaryň milli däplere laýyklykda terbiýelenmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýermegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. «Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» diýip, uly buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ene-atanyň we il-ýurt öňündäki borçlaryny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda halal zähmet çekmekleri babatda ähli şertleri döredip berýär. Biz — bilim işgärleri okuw sapaklarynda hem okuwçylara ylym-bilimiň adamzada eçilýän miweleri, halallygy bütin ömrüne özleriniň baş ýörelgelerine öwürmelidigi, geljegi gurujylar hökmünde Watanymyzyň abraýyna goşant goşmalydygy barada yzygiderli nygtaýarys. Mundan başga-da, ýaşlaryň ösen döwrümize laýyklykda pikirlenip, okap, şonuň netijesinde hem öwrenen zatlaryny özleriniň ylmy işlerinde peýdalanyp, halkara derejeli ýaryşlara gatnaşmagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär. Ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlar diňe ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejedäki taslama, döredijilik bäsleşiklerine özleriniň işleri bilen gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ähli ajaýyp işleriň sakasynda duran, ýaşlara baky bagtyýarlygy peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza bilim işgärleriniň, ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir.

Mähri ORAZDURDYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy.