Zähmet bazarynda Bäsdeşlige ukyply ýaşlar

20 Noýabr 2023
519

jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir

Bilim we ylym ähli döwürlerde-de adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň iň möhüm şerti hasaplanypdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge ukyply ýaş nesilleri kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda derwaýys wezipeler öňde goýulýar. Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine ünsi çekip, ýaşlarymyzy ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň esasy talaplaryň biridigini nygtady.

Maral KULIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.