Ylym-bilim — kämilligiň binýady

19 Noýabr 2023
642

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Dünýäde ylym we tehnika örän tiz ösýär. Bilim, ylym babatda gazanylýan üstünlikler adamzadyň ýeten belent derejeleridir. Şonuň üçin hem bu ugry ösdürmäge, ýaş nesillere öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin kämil hünärmenleriň döwrebap bilimlerine daýanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri, döwrebap tehnologiýalar yzygider öwredilýär, çünki bu ugurlary bilýän hünärmen dünýäniň ylymda gazananlaryndan habarly bolýar. Şeýle kämil hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlar tejribeli halypalaryň, professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimizde döwrebap şertler döredilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin şertler döredilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmek üçin olar ylmy makalalary ýazýarlar, gollanmalary taýýarlaýarlar. Şeýle hem mugallymlar okuw sapaklarynda öz tejribelerini ýaşlara öwredip durýarlar, olaryň aňyna ornan ylmy garaýyşlaryň kämilleşmegi üçin döwrebap bilimleri öwredýärler.

Kemal Täçmyradow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.