Kärini kämil tutan

21 Noýabr 2023
696

(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan)

Şeýle adamlar bolýar, bir göreňde gadymdan tanyş ýaly, gara-gadyr bolýaň gidiberýäň. Ine, şu söhbediň «baş gahrymany» bilenem bir görenimizden üýnümiz alyşdy gidiberdi. Mundan 10 ýyl ozalrak «Diýar» žurnalynyň gapysyndan giren uzynrak, tegelekden bugdaýreňk ýüzli, ala gözleri gülüp duran adam özüni tanatdy:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.