Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

21 Noýabr 2023
1043

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň, şonuň bilen birlikde, kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly alada edilýär, netijeli işler alnyp barylýar.

Dil dürs ýazmak, manyly sözlemek bilen kämilleşýär. Çagalaryň öz ene dili bilen birlikde, daşary ýurt dillerini oňat özleşdirmekleri mugallymlaryň döredijilikli zähmeti netijesinde amala aşýar. Mugallyma bu asylly işde okuw kitaplarydyr gollanmalar, görkezme esbaplary goldaw berýär. Mugallymlar diňe okuw kitabynda berlen maglumatlary gaýtalamak bilen çäklenmän, goşmaça maglumatlardan, dürli usullardan peýdalanýarlar.

Mähri ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri.