Bilim üstünlikleriň açary

15 Noýabr 2023
538

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygary hem gönüden-göni ýaşlar bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» diýmek bilen, Watanymyzyň geljekki ykbalyny, ösüşini ýaş nesillerde görýär.

Hormatly Prezidentimiz bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy ýurtlaryň usul-ülňülerine kybap, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän möhüm işleri amala aşyrýar. Elbetde, ygtybarly aragatnaşyk ulgamynyny döretmezden, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşyny, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Aragatnaşyk ulgamy häzirki wagtda her bir adamyň gündelik durmuşyna mäkäm ornaşdy. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamynyň älem giňişliginde hereket etmegi birnäçe möhüm maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly ýardam berdi, bu bilim ulgamynyň ösüşinde hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Jeren ÇÄŞEMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.