Dil öwrenmegiň ähmiýeti

19 Noýabr 2023
623

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge ruhlandyrýar.

Daşary ýurt dillerini bilmek bütin dünýäde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dilini bilmek häzirki zaman dünýäsine giň ýol açmakdyr. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da gözýetimi giň bolýar, jemgyýetde özüni has-da ynamly alyp barmagyna, beýleki halklaryň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem dürli çeşmelerden peýdalanyp bilmegine şert döreýär. Dil bilmek onuň medeni derejesiniň ösmegine, özüni şahsyýet hökmünde kämilleşdirmäge, oňa hünär ussatlygyna ýetmäge itergi berýär.

Reýhan SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy.