Täze üstünliklere tarap

16 Noýabr 2023
397

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp hem döredijilikli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we baýlaşdyrmak zerur bolup durýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli ösüşleriň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz sözüň doly manysynda ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän jennet mekanyna öwrülýär. Eziz Watanymyzyň giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanylýar.