Ýaş himikleriň üstünligi

21 Noýabr 2023
601

14 — 17-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça ikinji gezek geçirilen halkara internet bäsleşigine dünýäniň 24 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 58-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan 600-e golaý talyp gatnaşdy.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşik A we B derejelerde geçirildi. A derejä himiýa hünärinde okaýan we beýleki isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň, B derejä bolsa himiýa hünäri bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. A derejede şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Aziz Kerimbaýew, Kerwen Gadamow, Ýakup Annaorazow, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Yhlas Jumaýew dagy üstünlikli çykyş edip, birinjiligi eýelediler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Hasan MAGADOW.