Rowaçlygyň sakasy

15 Noýabr 2023
401

Eşretli ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döredijilikli zähmet joşýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.

Ylmyň, bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap çagalar baglary, häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary yzygiderli gurulýar we ulanylmaga berilýär, ýokary okuw mekdeplerinde  okatmagyň täze usullary ýola goýulýar.

Güljahan Gylyçnyýazowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.