Bilim özgertmeleri üstünlikleriň girewidir

15 Noýabr 2023
445

Ata Watanymyzda ähli ulgamlarda sanly serişdeleri giňden peýdalanmagyň, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Okatmagyň hili sanly ulgamy ulanmak arkaly has-da gowulandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, innowasion-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.  

Ýaş nesliň döredijilik güýjüne, başarnygyna ýokary baha berýän, olara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belläp geçýär. Şundan ugur almak bilen, ýaş nesilleriň ylym-bilimli, hünärli bolmaklary, oňat okamaklary, zähmet çekmekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Laçyn Sapargulyýewa,
Magtymguly etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.