"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Milli demokratiýanyň nusgalyk ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ata Watanymyza söýgüsi oňa bolan buýsanjy, belent maksada atarylan batly gadamyny, jebisligini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hyjuwyny has-da artdyrýar. Şonuň netijesinde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamymyzyň senenamasy şanly wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň hasabyna yzygiderli baýlaşýar. Şanly wakalar-da, gazanylýan zähmet ýeňişleri-de, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirligini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlanýandygyny, Watanymyzda bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Dana hem merdana ata-babalarymyzyň, beýik Magtymgulynyň agzybirlik hakdaky pentlerine we ýörelgelerine ildeşlerimiziň ygrarlylygy, jebisligi mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Gahryman Arkadagly hem-de Arkadagly Gahryman Serdarly zamanada bütin aýdyňlygy bilen aýan bolýar. Biz muňa halkymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary ruhubelentlik bilen barýan häzirki günlerinde has-da aýdyň göz ýetirýäris.

«Çalsana, bagşy!» — köňülleriň nagşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni hem gözel paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Taryhy müňýyllyklara uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalar dutaryň jadylaýjy owazy bilen döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Dutarda saz çalmak sungatynyň biziň günlerimize çenli asyl nusgasyny saklap gelmeginde, onuň kämilleşdirilmeginde bagşy-sazandalara uly orun degişlidir.

Ylymlar dünýäsine ak ýol!

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 2-nji sentýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze okuw ýyly başlanar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda täze gurlup, ulanylmaga berlen orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleri ilkinji gezek bagtyýar çagalarymyzdyr ýaşlarymyza gapylaryny giňden açar. Şol gün ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýyly başlanar. Ata Watanymyzda uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän şeýle şatlykly günlerde biz hem kalplary guwançdan, buýsançdan doly, ýokary okuw mekdebiniň talyby diýen ada mynasyp bolan ýaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Soltanmyrat AGAJANOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Topragy bugdaý ekişine taýýarlamagyň aýratynlyklary

Oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda güýzlük bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek köp derejede agrotehniki çäreleriň ylmy esasda, ýokary derejede geçirilmegine bagly bolýar. Ylmy taýdan işlenip düzülen ekin dolanyşygy, 3 meýdanly ýorunja — gowaça — bugdaý ekin dolanyşygy ýa-da 2 meýdanly gowaça — bugdaý ekin çalşygy ulanylanda, bugdaý ekilen meýdanlardan ýokary hasyl alyp bolýar.

Joşgunly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümlere daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilmegi, şonuň ýaly hem ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň barha artmagy obasenagat pudagynyň ýokary hilli önümleriniň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Piri güýçli senet

Daşyndan seredeniňde: «Elli ýaşdan ýa geçendir ýa geçenem däldir» diýdirýän bu ussa ýakynda ýetmiş ýaşy arka atdy. Ýaşan manyly ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny piri güýçli senedi ýasamaga — dutar ussaçylygyna bagyş edip, öz döwrüniň «men-men» diýen bagşy-sazandalaryny dutar bilen üpjün etdi. Gelenje, Pürli gurçuk ýaly dutar ussalaryny halypa saýyp, olaryň maslahatlaryna eýerip, meşhurlaryň hataryna goşuldy. Nurmyrat Akmyradow halypalyga ýetişenden soň, öz bilýänlerini sahylyk bilen öwredip, şägirtleri ýetişdirdi. Mary şäherinde ýaşaýan, ýaşy ýaňy segsenden alyp ugran ezber dutar ussasy «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähime eýerip, ogly Rüstem bilen bagşy-sazandalar üçin gowudan-gowy dutarlary ýasap, alkyş üstüne alkyş alýar. Şonuň üçin diňe bir welaýatyň merkezinde däl, eýsem, sebitde ökde dutar ussalarynyň biri hökmünde tanalýan Nurmyrat aga bilen ýakynda öz habarçymyz söhbetdeşlik gurady. Şol söhbetdeşligi biz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Nurmyrat aga, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşy-sazandalaryň we dutar ussalarynyň mertebesini has-da ýokary galdyrmak babatdaky aladalary bizi guwandyrýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bag

Mallary sagdyn saklamagyň usullary

Mallaryň saglygyna zyýan berýän amatsyz şertleriň biri-de, olarda ýüze çykýan näsazlyklar bilen baglydyr. «Malym — janym» diýip, maldarçylykda uly tejribe toplan pederlerimiz olaryň sagdyn ösmegine, talabalaýyk otlamagyna, köpelmegine aýratyn üns beripdirler. Çünki mallaryň sagdynlygy olaryň örňemegine gönüden-göni täsir edipdir. Maldarçylykda ýokanç keseller oba hojalyk pudagyna ykdysady taýdan uly zyýan ýetirýär. Olardan mallara we adamlara howp salýany hem-de has giň ýaýran anaerob ýokanjy — klostridiozlar (howply çiş, emfizamatoz karbunkul, anaerob enterotoksemiýasy, nekrotiki enterit we beýlekiler) diýlip atlandyrylýan ýokary zäherlilik häsiýetli kesellerdir. Maldarçylyk pudagyny häzirki zaman şertlerinde ösdürmäge bökdençlik döredýän ýokanç keselleriň biri hem garasandyr (EMKAR — emfizamatoz karbunkul, gangraena emphysematosa). Bu kesel gadymy wagtlardan bäri belli bolup, ilkinji gezek 1872-nji ýylda ylmy taýdan öwrenilipdir. Şu wagta çenli garasana garşy göreşmek boýunça gazanylan üstünliklere garamazdan, geografik ýerleşişine we toprak-howa şertlerine bagly bolmazdan, ol dünýä ýurtlarynda duş gelýän we maldarçylygyň ösmegine uly zyýan ýetirýän keselleriň biri hasaplanylýar.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ähmiýeti

Biziň ata-babalarymyz suw hakynda: «Suw akar — göz bakar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw» diýen ýaly ençeme nakyllary we ganatly sözleri döredipdirler. Elbetde, ýurdumyzda suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemme şor suw akabalarynyň suwlaryny bir köle ýygnamak üçin 2000-nji ýylyň awgust aýynda Merkezi Garagumda «Türkmen kölüni» döretmek hakynda» taryhy karar kabul edildi. 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 15-ne «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy boldy.

«13»-lik (Hekaýa)

Durmuşda üstünlige ýetmekde her kimiň bir ynanýan zady bolýar. Kimsi ony öz içinde, pikir düwünçeginiň iň aşagynda saklasa, başga biri özüne şowlulyk getirýän zatlary aýtmakdan çekinenok. Şol şowlulyk getirýän zatlaryň biri-birinden üýtgeşikligi welin hakykat. Birbada menem özüme ynanmadym. Onsoňam men şol täsinlige ynanaýanymda-da, özgeleriň maňa ynanjagy gümana. Üstesine-de, maňa şowlulyk getirýän zat san bilen bagly. Özi-de, meniň tanyşlarymyň arasynda şol sany halamaýanlary-da bar. Şonuň üçin bu barada hiç kime dil ýarmagam islemeýärdim. Bu ýagdaý uzaga çekmedi. Adymyň, familiýamyň bileleşäkge-de 13 harpdan ybarat bolmagy tötänleýin zatdyr öýdüp ýörkäm, asyl meniň durmuş guran ýigidimiňki hem şeýle bolup çyksa nätjek?! Geň galmakdan ýaňa ikimizem biri-birimize gözlerimizi tegeläp seretdik-de, muny bolmaly zat hökmünde kabul etdik. Onsoň bir gün oturdym-da, öz ýanymdan bu sanyň ykbalymdaky ähmiýetini seljermäge başladym. Okan mekdebimiň, Aşgabada gelenimde ilkinji münen awtobusumyň, hatda durmuş toýuny tutan senämiziňem 13-likdigi meni haýran galdyrdy.

Şygryýet älemi

Öý Kemter geler ne söýleseň,Ynjalypjyk, peýlänimiz.Bolmaz-a ony söýmeseň,Mähriban, mährem öýümiz.

Dünýädäki täsin güller

Amorfofallus titanika Sumatra adasynda ösýän bu ösümlik dünýäniň iň uly infloresensidir (gül toplumy). Onuň güli açylanda çüýrän etiňki ýaly ysy bolýar, onuň gülleýiş döwri birnäçe gün dowam edýär.

Ösümlikleriň gürrüňi

Türkmen sährasynda, daglarynda, düzlerinde dermanlyk ösümlikleriň juda köp sanlysy ösýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde giňişleýin maglumat berilýär. Dermanlyk ösümlikler barada halk mirasynyň gymmatlyklaryny gözläp ýörkäm «Pylan ösümlik pylan diýenmiş» diýen ýaly, gürrüňleri köp eşitdim. Olaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim. Üzärlik: — Men Abdyrasmandyryn (üzärligiň bir ady) — müň-de bir derde dermandyryn.

...Ýaldyrakda gün sowar

Halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda ýaldyrak döwrüniň uzak dowam edýän döwürdigi hemmä mälim hakykat. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary bilen baglanyşykly maglumatlar hemişe diýen ýaly, adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Sebäbi olar bu döwürde döräp biläýjek howa üýtgeşmelerine görä, etsem-petsemlerini öz durmuş tejribelerine esaslanýan çaklamalaryndan ugur alyp, amala aşyrypdyrlar. Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň başlygynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykow köpleri gyzyklandyrýan bu sowallar bilen baglanyşykly garaýyşlaryny, oý-pikirlerini şeýle beýan etdi: — Türkmen halkynyň yzygiderli ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda bu döwür uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli bolan iň ýagty ýyldyz ýaldyragyň dogmagy bilen başlanýar we 22-nji sentýabra çenli öz hökmüni ýöredýär. Awgust aýynyň 12-sine daňdanlar Günüň dogýan ugrunda enaýyja, ýalpyldap duran ýaldyrak ýyldyzyny gören adamlar şu buýsançly pursatlara şaýat bolandyklaryna begenip, şükür edip, ony ýüzlerine sylýarlar. Ýyldyz senenamasynda iň uzak döwürleriň birini öz içine alýan bu döwür çarwa, çomry hasaplamalaryna we ylmy çaklamalara görä, özboluşly howa aýratynlyklaryna eýedir.

Paýhas dürdäneleri

Zehin howa şary ýalydyr, açmagy başarmasaň, haýry degenok. Tomas Edison.

Döwletli ýörelgelere badalga

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça Daşoguz şäher häkimligi, TAP-nyň hem-de TDP-niň şäher komitetleri bilen bilelikde «Halk Maslahaty – döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda il sylagly ýaşuly Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TAP-nyň şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-niň şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Milli döwletliligi, kanuny hukuklary we ýörelgeleri berkitmekde Halk maslahatynyň orny örän uludyr. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň oba hojalyk işgärleri bosagada duran pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Öňde duran möwsüme guramaçylykly girişmekde we alyp barmakda pagta ýygyjy «John Deere-9565» kysymly kombaýnlaryň 56-synyň guratlygyna oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri degişli işleri geçirdiler. Olar, ilkinji nobatda, pagta möwsüminde işlediljek kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň her birini doly gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Munuň üçin bolsa Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ähli şertler, mümkinçilikler bar. Bu kärhanada möwsüme gatnaşjak işgärler bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Sport — sagdynlygyň serpaýy

Häzirki döwürde zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi. Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.

Asylly ýörelgeler döwrebap ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologiýa taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň yns

Bagtyýar çagalar — eşretli ertirimiziň eýeleri

Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän, kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada säher bilen başlan baýramçylyk şowhuny, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary daş-töwerege şirinden-şirin owazlary bilen ýaň salyp, bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyşyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradyr. Häzirki döwürde halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Geçen döwürlerde geňeşler, esasan, ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň pikiri-de ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda has täsirli bolup durýar. Şeýlelikde, Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar.