Häzirki döwürde zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.
Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.