"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmen-Tatar gatnaşyklary: döwletara dialogyň aýdyň netijeleri

Häzirki wagtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki gepleşikler türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda söwda-ykdysady gatnaşyklara täzeden itergi berildi. Bar bolan kuwwatlyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Biziň doganlyk halklarymyzy taryhy kökleriň ýakynlygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu köpasyrlyk däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ynha, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 15 — 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy-da aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Toý-baýramly, Galkynyşly döwrümiz, Arş deňinde ganat ýaýýar göwnümiz

Täze kitap 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň ahyrynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi .

Aşgabat — milli binagärligiň merjeni

Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi, ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäheri indi ençeme ýyllardan bäri özüniň geçmiş taryhy, şu güni babatda taryhçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Alymlar şäheriň döreýiş taryhy we onuň adynyň gelip çykyşy barada dürli pikirleri orta atýarlar. Mälim bolşy ýaly, köp taryhy çeşmelerde Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dörändigi barada maglumat berilýär. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini, aslynda bolsa, Aşgabadyň has gadymy döwürde — 2 müň 500 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulandygyny belläpdir. Alymlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan arheologiýa tapyndylary hem Aşgabadyň has irki döwürlerde dörändigini tassyklaýar.

Ýaz pasly meýdan ýagşydyr

Şygryýet äleminiň ussady Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary öz beýanyny tapypdyr. Biziň söhbedimiz şahyryň toprak, suw, ekerançylyk, daýhançylyk barasyndaky şygyrlary hakynda bolar. Akyldar şahyrymyzyň öz Watanyny, türkmen ilini nähili söýendigine göz ýetirmek üçin onuň «Jan istär» diýen goşgusyna ýüzleneliň. Onda Magtymguly:

Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bosagada galla oragy möwsümi. Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak iň möhüm we jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaý hasylynyň doly bişiş döwri başlandan soň, 5 – 6 günüň dowamynda ýygnalyp alynsa, däne ýitgisi az bolýar. Ýygym näçe uzaga çekdirilse, şonça-da ýitgi köpelýär. Köp maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň orulsa, hatda dänesi dökülmezek, sypaly berk sortlaryň hem däne ýitgisi azyndan gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Hasylyň ýitgisi mehaniki, fiziologiki, ýygyjy maşynlar hem-de hasyly daşamak, dänäni ilkinji gezek gaýtadan işlemek bilen bagly ýüze çykýar.

«Ýok, çäge däl, altyn meniň basýanym...»

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Garagum sährasynyň durşy bilen keramatdygy, bu künjege zyýarata gelmegiň we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmegiň bolsa parz işdigi bellenilýär. Garagum sährasy sazak, gandym, çerkez tokaýlarynyň saklanyp galan täsin tebigy künjekleriň biridir.

Kalp kelamy — keramat (Hekaýa)

Kyýamatlyk dogany bilen jylaw deňläp barýan Magtymguly sakga duran Nury Kazyma soragly bakdy: — Näme boldy, gardaşym? Biz howlukmaç barýarys, tizara oba ýetmeli, atam ýoluma göz dikip garaşýandyr. Ýörite sargyt bilen Hindistandan getirilen melhemi näçe tiz eltsek, hassamyz ynjalyk tapjak.

Biler bolsaňyz!

Angor towşany Towşanyň bu görnüşi örän gadymy jandar hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, onuň adynyň gelip çykyşy Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäheri bilen baglanyşdyrylýar. Bu täsin jandar Ýewropa ýurtlaryna XVIII asyrda getirilipdir. Onuň eýjejikligi hem-de ýumşajyk tüýi bu ýerdäkileriň ünsüni bada-bat özüne çekipdir. Fransiýada bolsa ol öý haýwany hem-de bezeg jandary hökmünde saklanylypdyr.

Sag başym — soltan başym!

·         Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek sagdyn nesilleriň kemala gelmegi, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagy üçin zerur şertdir. Häzirki zaman jemgyýetini ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tehnologiki enjamlar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryň hatarynda kompýuterleri, smartfon telefonlary, planşetleri görkezmek bolar. Bu enjamlaryň peýdalanylmagy işi ýeňilleşdirýär, wagty tygşytlaýar. Muňa garamazdan, uzakly günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden peýdalanmak hereketsizlige getirýär. ·         Hereket ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrýar. Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bolsa saglyk üçin peýdalydyr.

«Ussat bagban» bäsleşigi

Ýakynda Garagum etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap birleşmesiniň bilelikde  guramaklarynda  «Ussat bagban» bäsleşigi geçirildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda geçirilen bäsleşige etrabyň daýhan birleşikleri  bilen şertnama baglaşan  miweli hem saýaly baglary  ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler, daýhan hojalyklarynyň agzalary, telekeçiler  gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bagbanlar ýerlerde ýetişdirilen baglar, olara edilýän idegler bilen  tanyşdyrdylar hem-de tejribe  alyşdylar. Olar tejribeli bagban Orazguly Jüpbiýewiň 16 gektar ýerde ýetişdiren üzümleriniň görnüşleri, hasyl toplaýşy bilen içgin gyzyklandylar. Töremyrat Töraýewiň 3 gektar ýerde ösdürip ýetişdiren miweli baglary, olara edilýän  ideg işleri, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra eminler toparynyň  gatnaşmaklarynda  etrap häkimliginde  geçirilen maslahatda bäsleşigiň ýeňijileri Orazguly Jüpbiýewiň, Töremyrat Töräýewiň hem-de  ýaş  bagban Babageldi Esenowyň bagçylykda gazanan iş  tejribeleriniň öwgä mynasypdygyny bellediler. «Ussat bagban» bäsleşigine gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Mary  welaýatynyň  Garagum  etrap  birleşmesiniň  gymmat  bahaly&nb

Döwlet berkarardyr, iller — bagtyýar

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de Magtymguly Pyr

Ösüşe beslenýär mähriban diýar, merdana halkymyz geljegini gurýar

Bir günde goşa şatlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem

Atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap dowamata atarylýar

11-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Belent maksada eýerip...

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmaga biziň etrabymyzda hem uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen «Gökçäge» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň pileçilik möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 13,5 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileriň 370-si yhlasly zähmet çekýär. Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy, tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Şükürbaý Mädrimowy, Güýçgeldi Berkeliýewi, Malika Ibragimowany, Bike Amanşirowany görkezmek bolar. Bu kärendeçiler ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Olar häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda arassa saklamak ýaly, zerur çärelere aýratyn üns berýärler.

Pileçiler höweslendirilýär

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda täze önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ussat pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Zähmetsöýer pileçileriň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýokary netije gazanýan pileçiler höweslendirilýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň wekilleri etrabyň çägindäki pileçi kärendeçileriň iş ýerlerine aýlanyp, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşýan, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmekde hem-de ýokary hilli pile ýygnamakda göreldeli zähmet çekýän Garaşsyzlyk geňeşliginden Hemra Gullyýewe, Bagtyýarlyk şäherçesinden Aýjemal Ataýewa, Ö.Japarow daýhan birleşiginden Maksat Ataýewe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Munuň özi pileçileriň has-da yhlasly işläp, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höweslerini artdyrýar.

Önümleriň mukdary artdyrylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmen dermansenagat» birleşiginiň Bereket etrabynda ýerleşýän Ýod önümçiligi kärhanasynda derman serişdeleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilip, halka ýetirilýär. Önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan tapawutlanýar. Bu önümçilik kärhanasynda 5 sany bölüm hereket edýär we önümçilik sehlerinde derman serişdeleri öndürilýär. Ýodly galamlaryň, powidonyň, ýodly taýajyklaryň, lukmançylyk pamyklarynyň, diş tamponynyň, awtoulaglar üçin ilkinji lukmançylyk gutularynyň we beýleki serişdeleriň dürli görnüşleri önümçilige goýberilýär.

Ýaşyl hatarlaryň idegi

Şu günler 162 müň gektara gowaça ekmegi maksat edinen Mary welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň yhlasy ýerine düşýär. Göwnejaý gögeren gowaçalar bu ýylky gowaça hasylynyň bereketli boljakdygyna umyt döredýär. Bu Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynyň mysalynda hem äşgär görünýär. Bu ýerde kärendeçileriň onlarçasynyň kärende ýerlerinde ekilen gowaçalar eýýäm hatar tutup başlady. Özünde işine ussat pagtaçylaryň uly toparyny jemleýän daýhan birleşiginde şu ýyl 1 müň 400 gektara gowaça ekilip, ondan bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda işiň hiline aýratyn üns berilýär. Ekin meýdanlarynda ýaşyl hatarlaryň sany günsaýyn köpelýär. Şoňa görä-de, kärendeçi daýhanlar ýekeleme we otag işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Goşa mukaddesligiň şanyna tutulýan toý

Täze taryhy eýýamda bagtyýar halkymyzyň durmuşy toý-baýramlara, şanly senelere, üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Agzybir halkymyzyň dabaraly belleýän baýramlarynyň biri-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Ata watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda bu baýram şanly waka hökmünde bellenmek bilen, milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly baýram barada şeýle belleýär: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir».