"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ne my­na­syp gol­daw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda obasenagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça oňyn işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda bugdaý, pagta hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ylaýta-da dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alynmagy, kärendeçilerimiziň suw, ýeri gurplandyryjy mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, olara ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň mysalydyr. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde her ýyl ýurdumyzda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberinde, nah pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn al

Garagumuň sy­ýa­hat­çy­lykdaky äh­mi­ýe­ti

Diýarymyzyň çar künjegini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli özgertmeleri netijesinde ekologiýa syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň tebigatyny goramak, daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmek, bioköpdürlüligi mundan beýläk-de baýlaşdyrmak we erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek babatynda geljegi uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa syýahaty — bu başlangyç durkuny ýitirmedik ýa-da emeli döredilen täsin tebigy gözel ýerlere syýahat etmekdir. Ekologiýa syýahatynyň ýa-da ekosyýahatyň daşky gurşawyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda uly orny bar. Syýahatyň bu görnüşiniň beýlekilerden, esasan, üç aýratynlygy bar. Ilkinji nobatda, tebigaty öwrenmek, ýagny, ýurduň ýa-da şäheriň geografiki ýerleşýän ýerine baglylykda, tebigatyň aýratynlygyny öwretmek. Ikinjiden, ekoulgamy gorap saklamak — tebigatda ýitip, ýok bolup barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerine syn etmek bilen, syýahatçylary şol çärelere gatnaşdyrmak. Üçünjisi bolsa, ýerli halkyň bähbitlerine hormat goýmak bilen, olaryň işlerine giň gerim bermek üçin ykdysady taýdan goldamak. Ekosyýahatyň esasy görnüşlerine ylmy syýahat, taryhy, tebigy ýerlere syýahat, gyzykly gezelençli syýahat (welosipedli we pyýada), goraghanalara we tokaý parklaryna syýahat degişlidir. Ekosyýahata biziň ýurdumyzd

Ýyl­gy­nyň gym­ma­ty we peý­da­sy

Güneşli Diýarymyzyň tebigatyna aýratyn görk berýän, özboluşly tokaýlygy döredýän gyrymsy agaçlaryň biri hem ýylgyndyr. Ýylgynlar gülleýän wagtlary töwerege üýtgeşik gelşik berýärler. Ene-mamalarymyz tamdyrlaryň daşyny ýylgyn pürleri bilen garylan palçyk bilen suwapdyrlar. Il içinde ýylgyn pürleri bilen tamdyr suwalanda tamdyryň gyzgynlygynyň gowy saklanýandygy, ýapylan çörekleriň owadan bolup bişýändigi aýdylýar. Häli-häzirlerem uzak ýola gidilende, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasynyň jümmüşindäki ençeme ýyllarboýy ösüp oturan ýylgynlary görüp bolýar. Ol ýylgynlar obamyzda gelin-gyzlaryň, ene-mamalarymyzyň ulanan saýgyçlaryny ýadyňa salýar. Ulugyz döwürlerimizde üýşüp keçe basardyk. Bu iş obamyzda gadymdan gelýän däpdi. Keçe basmak üçin gerekli ýüňleri taýýarlamakda gyzyl ýylgynyň çybygyny saýlap alyp, saýgyç ýasaýardylar. Ol juda berk bolýardy. Eger ýylgyn düwünli bolsa, ony päki bilen kesip, tekizleýärdiler.

«Men gaýdyp gelerin» (Hekaýa)

Enegyz ene ikisi öýli-işikli, biri welin, ýaňy on sekiz ýaşyny dolduran üç ogluny Beýik Watançylyk urşy başlanandan, Watan goragyna ýagşy doga-dilegler bilen ak pata berip, ugratdy. Rejebiň gelni Humaýyň, Gurbanyň gelni Akjagülüň hersiniň iki çagasy bardy. Başlaryna düşen kynçylyga düşünýän Enegyz enäniň aladasy has-da artypdy, ol gelinlerine hem eje, hem gaýyn ene, hem hossar bolmalydy. Enegyz ene: — Gelinler, bilimizi berk guşap, kolhoz işine çykalyň! Indi biziň herimiz iki adamlyk işi ýerine ýetirmeli. Oglanlaram yzyny alada etmez ýaly — diýdi.

Suw ses­le­ner ga­myş bi­len

Ýurdumyzyň ähli ýerinde haşal ot hökmünde ýaýran gamşyň biziň ýurdumyzda 3 görnüşi ösýär. Olar gargy gamşy, suw gamşy, tirjin ýa-da hyşa diýlip atlandyrylýan gamyşlardyr. Gamyşlar gurak, suwly, şonuň ýaly-da, dürli ýerlerde toprak dannaman ösüp bilýän hem bolsalar, suwly ýerlerde olaryň boý alşy has üýtgeşik bolýar. Suwsuz ýerlerde olaryň boý alşy kadaly bolmaýar. Suwly ýerlerde olar ok geçmez jeňňelliklere öwrülip gidýär. Şemal öwsende, şol gamyşlar özboluşly ses çykarýarlar. Magtymgulynyň «Suw seslener gamyş bilen» diýmesi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Diş toýy

Islendik türkmen maşgalasynda ata-baba dowam edip gelýän gadymy milli däp-dessurlaryň döwrebap, täze görnüşde geçirilýändigine buýsanjyň artýar. Şol däpleriň, asylly ýörelgeleriň köpüsiniň nesil dowamy bolan perzentler bilen baglydygy bolsa, milliligimiziň özenini ynsanperwer düşünjeleriň düzýändigine şaýatlyk edýär. Ynha, şeýle däpleriň biri hem çagalaryň ilkinji dişi çykyp başlanda berilýän diş toýudyr. Alty aýlykdan başlap, çaganyň alyn dişi çykýar. Ilkinji çykan akja dişe toý bermek türkmen halkynda däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Diş toýy ýakyn garyndaşlar, oba arasyndaky goňşular çagyrylyp geçirilýän däp-dessurlardyr. Eger diş toýy tutulýan çaga maşgalada ilkinji ýa-da ýaşulularynyň ady dakylan bolsa, dabaranyň has uludan bellenilýän ýagdaýlary hem bolýar.

Bi­ler bol­sa­ňyz!

Nyşanlar barada düşünje Soňky ýyllarda dünýäde tehnologik enjamlary, tehnikalary öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň, şereketleriň sany barha köpeldi. Olaryň öndürýän önümleriniň ýerine ýetirýän hyzmatlary birmeňzeş bolsa-da, daşky görnüşleri, onda alamatlandyrylýan nyşanlar önümleriň, harytlaryň haýsy şerekete degişlidigini bilmäge ýardam edýär.

Rysgal-bereketli, döwletli Diýar!

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.  Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gül Watanyň ösüşleri ýüwrük badyňda bedew!

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Ahalteke bedewleri halkymyzyň gymmatly buýsanjy bolup, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. «Dünýä halklaryny dosty-ýar eden,Bir beýik ykbal sen illere, bedew!»

Ak bugdaýyň gadymy watanynyň waspnamasy

Bahar paslynyň ilkinji aýynda şaýat bolan taryhy wakalarymyz, hoş habarlarymyz, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi biziň baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, gadymy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýäde giňden wagyz etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň Halkara Nowruz gününiň bellenýän döwründe sowgat berilmegi 2024-nji ýylyň ylham-döredijilikli ýyllaryň biri boljakdygynyň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby tematik taýdan köpugurly bolup, onda getirilýän maglumatlar, beýan edilýän wakalar ylmy esasda, takyk subutnamalar bilen berilýär. Geçmiş, şu gün we geljek bir sapaga düzülip, yzygiderli beýan edilýär.

Nygmat bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe welaýatymyzyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi anyk subut edýär. Zähmetiň gaýnap joşýan günlerinde welaýatyň zähmetkeşleri her gününi, her aýyny üstünliklere besleýärler, halal, yhlasly zähmet çekmek bilen hemmelere görelde bolýarlar. Hut şonuň üçin olaryň alyn derinden önen azyk önümleri ak bazarlarymyzy bezemek bilen, halkymyz tarapyndan uly islege eýe bolýar. Taryhy ýylymyzyň geçen üç aýynda welaýatymyzyň etraplarynyň ýyladyşhanalarynda gök önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň 597 müňden gowrak başy, dowarlaryň 3 million 226 müňe golaý baş

Daýhanlaryň zähmet üstünlikleri

Şu ýylyň has-da ygally gelmegi oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ekin işleriniň ilerlemegine itergi berdi. Ýagyş suwlary ýaşyl dona bürenip oturan däneli ekin meýdanlaryny suwarmakda, dökünler bilen iýmitlendirmekde we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň hem şu günler iş-aladalary has-da artdy. Etrabyň oba hojalykçylary şu ýyl gök-bakja önümleriniň bolçulygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Yhlasa — myrat

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde edermen pagtaçylar şu ýyl 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirdiler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledildi. Tamamlaýjy tapgyry dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip has-da tapawutlandylar. Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Ösüş suwy tutulýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmakda etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gallaçy kärendeçileri tapawutlanýarlar. Olar pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 2 müň 420 gektar meýdanda bugdaý ýetişdirmegi maksat edinýärler. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti boýunça şu güne çenli 1 müň 157 gektar meýdanda ösüş suwy tutuldy. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi gije-gündizleýin dowam edýär. Ösüş suwuny kadalaýyk tutmak esasy talap bolup durýar. Bu işler hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde baý iş tejribesi bolan, geçen ýyl bugdaý hasylyndan ýokary netije alan gallaçy kärendeçiler Ötgürbek Allabergenow, Gülkamar Matkurbanowa, Ikram Babajanow her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işine ilkinjileriň hatarynda girişdiler.

Galla oragyna taýýarlyk

Ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Tejen etrabynyň zähmetkeşleri hem galla oragyna şu günlerden taýýarlyk görýärler. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly başlamak we bökdençsiz alyp barmak babatda kombaýnlaryň taýýarlygyna uly orun degişlidir. Etrap boýunça «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda galla orujy kombaýnlaryň 97-si we beýleki kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly derejede gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Tejen etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda göreldeli zähmet çekýän bejeriji ussalardan, mehanizatorlardan we degişli hünärmenlerden möwsümde galla orujy kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmakda Resul Ataýewiň, Mälikpälwan Babaýewiň, Hydyr Aşyrowyň netijeli işleri alyp barýandyklary guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işgärleri galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäginde «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň göreldeli işçi hünärmenleri, bejeriji ussalary we mehanizatorlary bilen duşuşyp, olar bilen tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler.Olar duşuşyklarda öňde duran galla oragyna taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, ýokary öndürijilikli kombaýnlara aýawly garamak hem-de galla oragyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak bilen bagly işe mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti dogrusyn

«Hazaryň» milli baýlyklary

Ýakynda biz Türkmenbaşy şäherindäki «Hazar» döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan «Tebigat» muzeýine bardyk. Bu ýerde goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat MÄMMEDOW bilen duşuşyp, goraghananyň alyp barýan işi dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Sähetmyrat aga, bize goraghanaňyz, onuň döreýşi barada gürrüň beräýseňiz?

Türkmen elguşy bilen aw awlamak

Elguşly we tazyly aw milli medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Türkmenler geçen taryhy döwürlerde-de elguşly awçylyk sungatyna uly üns beripdirler. Şunda ýöriteleşdirilen guş türkmen laçynydyr. Ýyrtyjy guşlaryň kelte, ýiti uçly egri çüňki hem-de üçüsi öňe, biri yza gönügen barmaklaryndaky dyrnaklary awuny tutmaga gaýymdyr. Taryhy çeşmelere görä, Seljuk hanlary laçynly aw etmegiň inçe syrlaryny çuňňur öwrenipdirler. Olar aw-şikara çykanlarynda laçynlaryň eýesiniň her bir hereketine düşbüligi haýran galdyrypdyr. Laçynlar türkmen sährasynyň çöllük ýerleriniň beýik alaňly gyrlarynda, dag gerişlerinde we beýleki käbir ýerlerde höwürtgeleýärler. Bu guşlar Üstýurtdan tä Bathyza, Köpetdag dag eteklerinde, Uly Balkan sebitlerinde duşýar. Onuň höwürtgesi Köýtendagda hem ýüze çykaryldy.

Ideg işleri utgaşdyrylyp geçirilende...

Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ösüş suwunyň tutulyp başlanmagy bilen, her gezek suw tutulandan soň, ýerleriň taba gelşine görä, hatararalarynyň bejergisi geçirilýär. Hatarara bejergisiniň esasy maksady toprakdaky yzgaryň ýitgisiniň we duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, şeýle hem gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly howa çalşygyny üpjün etmekden, topragyň üstki gatlagyny gowy bejerilen ýagdaýda saklap, hatararalaryny haşal otlardan arassalamakdan ybaratdyr. Ilkinji bejerginiň ýokary netijeli bolmagy üçin hatararalary 90 santimetr bolan 7 sany işçi guralynyň gatnaşmagynda toplum bilen ýumşatmaly. Gorag zolagynyň giňligi gowaçanyň hatarynyň her gapdalyndan 8 – 10 santimetr bolmaly. Şeýlelikde, işlenip bejerilýän zolagyň ini 90 santimetr hatararada 70 – 74 santimetr bolýar. Gowaçalar ýekelenip, otag işleri tamamlanandan soň, ikinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu bejergi 90 santimetr hatararasynda 14 – 16 santimetr çuňlukda geçirilýär. Gorag zolagynyň giňligi bolsa 10 – 12 santimetr bolmalydyr. Her ösüş suwundan soň, hatarara bejergileri geçirilýär. Bejerginiň çuňlugy 90 santimetr hatararasynda 18 – 20 santimetr bolmaly. Hatarara bejergileri işçi abzallarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen kultiwatorlar bilen geçirilmelidir. Gowaçany ýekelemek onuň kadaly gürlügini almak üçin geçirilýän örän jogapkärli agrotehniki çäredir.

Ekin eken eklener

Daýhançylygy kesp-kär edinen ata-babalarymyz ene topraga eklenç çeşmesi hökmünde garap, onuň her bir daban ýerini mukaddeslige deňäpdirler. Toprak bilen iş salşyp, onuň bilen bagry badaşan daýhanlaryň Güneşden nur alan nurana ýüzlerini synlanyňda göwnüň galkynýar. Şeýle adamlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewdir.

Şygryýet älemi

OBA KERAMATY Dünýä döräp toprak bilen badaşan,Hak beren rysgaly-keremi obam.Ömre — ömür, bedenime bat goşan,Gudratdyr ak bugdaý çöregiň, obam.