Ak bugdaýyň gadymy watanynyň waspnamasy

30 Aprel 2024
452

Bahar paslynyň ilkinji aýynda şaýat bolan taryhy wakalarymyz, hoş habarlarymyz, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi biziň baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, gadymy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýäde giňden wagyz etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň Halkara Nowruz gününiň bellenýän döwründe sowgat berilmegi 2024-nji ýylyň ylham-döredijilikli ýyllaryň biri boljakdygynyň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby tematik taýdan köpugurly bolup, onda getirilýän maglumatlar, beýan edilýän wakalar ylmy esasda, takyk subutnamalar bilen berilýär. Geçmiş, şu gün we geljek bir sapaga düzülip, yzygiderli beýan edilýär.

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.