"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Narmyradyň bagy (Hekaýa)

Täze jaýa göçüp gelenimize özümizem begendik welin, hemmämizden köp begenen kakam boldy. Her bir otaga girip, esli salym synlap: «Tüweleme, bolawersin, nesip etsin!» diýip gaýtalaýardy. Ol derrew oba gidip, jaýymyzyň daş-töweregine miweli, saýaly nahallary oturtmak bilen boluberdi. Nahal oturtmaga menem kömekleşdim. Köçe tarapymyza arça, ak söwüt, tut ýaly saýaly baglaryň nahallaryny, howlyň içindäki ýerimize bolsa erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny oturtdyk. Ataly-ogul bolup günortana çenli işläp, bag oturtmak işimizi birýan ýüzli etdik. Onsoň günortanlyk edinmäge oturdyk. Adam garrasa, çaga ýaly bolýar diýýärler, şol dogry bolmaly. Şu öýe göçüp gelelimiz bäri kakamyň keýpi kök. Häzirem çaý başynda: — Şuny oňardyk, ine, aňyrsy üç-dört ýyldan nahallar ýetişip, miwe berip başlar. Saýasynda oturyp, çaý içeris. Özem men bu erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýörite Narmyradyň bagyndan saýlap alyp gaýtdym. Ynha, görersiňiz, iri-iri tagamly erikleri bolar — diýip, kakam öz eden işinden kanagatlanýandygyny aýtdy.

Şygryýet älemi

Dillerde dessanymyz Magtymguly Pyragy — beýik akyldar, dana,Dürdäne eserleri — dillerde dessanymyz.Millilige ýugrulan goşgulary manyly,Paýhasyna sygynyp, ýürekden okanymyz.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Miweli bagçylykda täzeçil çemeleşme Täze Zelandiýanyň «Plant and Food Research» ylmy-barlag merkezi miweli baglary ekmegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu usul iki ölçegli gurluşyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrar, şeýle hem geljekde miweçilik pudagynda robotlary peýdalanmak üçin şertleri döreder.

Düýe etinden taýýarlanýan tagamlar

Düýe eti arzan we ýokumly azyk önümidir. Biziň ýurdumyzda düýe etini öndürmek we azyk önümçiliginde ulanmak giňden ýaýrap, ol goýun ýa-da sygyr etinden kem saýylmaýar. Ýaş, gurat düýeleriň eti hili boýunça sygryňkydan pes däldir. Düýe etiniň energiýa ýokumlylygy olaryň semizlik derejesine bagly bolýar. Düýeler örküçlerinde 100 — 150 kilograma çenli ýag ýygnamaga ukyply hasaplanylýar. Olary ete soýmak üçin iň oňaýly wagt 2 ýaş 8 aý hasaplanylýar. Şonda olaryň diri agramy 520 kilograma çenli, läşiniň arassa çykymy 60 — 63 göterime ýetýär. Banda (Hausa) — bu tagamy taýýarlamakda düýe etini bölekläp, güneşde guradyp, soňra açyk ýanýan oduň üstünde tüsse bilen kakadýarlar.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Dowardarçylygyň esasy ot-iým binýady öri meýdanlarydyr. Öri meýdanlarynyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşi ir ýetişip, tomusda gurap başlaýar we howanyň gyzyp başlamagy bilen, öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalamaly, soňra ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyna göz ýetirilenden soň, howanyň şemalsyz wagty ot ýakmaga rugsat berilýär. Ot ýakylyp bolnandan soň, oňa suw sepip ýa-da üstüne gum sürüp, ody doly söndürmeli. Otdan uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirip, düşelge ýerinden gitmek bolar. Awtoulaglaryň sürüjileri öri meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsseçykaryndan uçgunyň guran ot-çöplere düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Şonuň üçin öri meýdanlaryna gidýän awtoulaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlar bilen üpjün etmeli.

Guramaçylykly işler üstünliklere badalga

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistan — toýly mekan

Ýüregi sen ýurdumyň,Ak şäherim Aşgabat! Paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, mümkinçilikleri, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin görkezildi. Sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň 160-dan gowragy gatnaşdy.

Jana melhem – arassa agyz suwy

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu ýerde ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendigini bellemek has-da ýakymly. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Şu ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiz kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kubmetr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kubmetr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şol gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşuryldy.

Daýhan yhlasy — bereket çeşmesi

Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatymyzyň Magtymguly, Bereket, Gyzylarbat, Etrek, Esenguly etraplarynyň ekin meýdanlarynda ekilen gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almagy maksat edinýän daýhanlarymyzyň häzirki günlerde ter gök önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda çekýän tutanýerli zähmeti içerki bazary azyk bolçulygy bilen üpjün etmäge we öndürilýän önümleriň eksporta ugradylyşyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu günler ekilen gök we bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl welaýatymyz boýunça 13 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary «ak altynyň» bol hasylyny almak ugrunda şu günlerden alada edýärler we gowaça meýdanlarynda ýekeleme, otag işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzy ýylyň islendik paslynda ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi welaýatymyzyň ekerançy daýhanlarynyň bu ugurda çekýän yhlasly zähmetlerinden hem aýdyň görünýär.

Sagdyn jemgyýetiň esasy

Öz nesillerini nurana geljege deňän pähimli pederlerimiz her bir maşgalada kemala gelýän çagalaryň uly aladalar bilen gurşalmagy, olaryň sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmeginiň tarapdarlary bolupdyrlar. Munuň şeýledigine biziň şu günlerimizde hem çagalar bilen baglanyşykly dowam etdirilýän milli däp-dessurlar, ýörelgeler, durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň güwä geçýär. Çünki çaga — durmuşyň bezegi, adamzadyň dowamaty. Şoňa görä-de, «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýen gyzyldan gymmatly ýörelge her bir maşgalada giň mana eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýan eýýamydyr. Geljegimiz bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmekleri sagdyn jemgyýetiň esasydyr. Şundan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary guruldy we bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Sag­dyn kö­şek­ler ös­dü­ri­me goý­be­ril­di

Süý­di, ça­ly, aga­ra­ny der­de der­man, ýü­ňi mu­kad­des sa­ýyl­ýan, «Dü­ýe ma­ly — dün­ýe ma­ly» diý­lip apa­la­nyl­ýan dü­ýe­le­riň baş sa­ny­ny art­dyr­mak me­se­le­si­ne Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk se­na­ga­ty önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky «Sa­kar­çä­ge» mal­dar­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň ag­zy­bir sar­wan­la­ry dü­ýe­le­riň ýy­lyň dört pas­lyn­da-da or­ta we ýo­ka­ry se­miz­lik­de sak­la­nyl­ma­gy, ýy­lyň-ýy­ly­na ýüz­ler­çe sag­dyn kö­şek­le­riň al­nyp, ös­dü­ri­me goý­be­ril­me­gi üçin yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da baş sa­ny 3 müň 700-den ge­çen dü­ýe­le­ri öz işi­ne yh­las­ly ço­pan to­par­la­ry­nyň 21-si ala­da bi­len gur­şa­ýarlar. «Şyh­man­sur», «Han­gu­ýy», «Ga­lan­dar» ýa­ly dü­ýe ma­ly­nyň uly hö­wes bi­len iý­ýän bol ot-çöp­li ýaý­la­la­ryn­da ba­kyl­ýan mal­lar öz sar­wan­la­ry­ny dil­gir et­me­ýär­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ýy­lyň-ýy­ly­na kö­şek al­mak möw­sü­mi­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk­ly gar­şy­lap, üs­tün­lik­li jem­le­ýän mal­dar­la­ryň Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­lyn­da ga­za­nan gör­ke­zi­ji­le­ri hem aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Şu ýyl­ky kö­şek al­mak möw­sü­min­de 741 sa­ny sag­dyn

Öz işiniň ussady

Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak bütin ýylyň dowamynda ekin meýdanlarynda geçirilýän işleriň hiline we öz wagtynda ýerine ýetirilişine bagly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikler, satyn alynýan kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk gurallary, dökünler her möwsüme mahsus bolan agrotehniki çäreleri kadalara laýyk geçirmäge mümkinçilik berýär. Ene topragyň berekedini artdyrmak, ondan bol hasyl almak daýhana bagly. Şoňa görä-de, daýhanlar ýeriň sürümini, otagyny wagtly-wagtynda geçirip, hasyllylygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy döredilýär. Il-ýurt bähbitli bu işde Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has-da tutanýerlilik görkezýärler. Muňa hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu topara köp ýyldan bäri tejribeli daýhan Hemra Jumaýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Şol döwrüň içinde toparyň agzalarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Arçyn zenan

Mekdep okuwçysykam «Kärizgenler» çeper filmine tomaşa etmegi diýseň halardym. Ylaýta-da, şol filmdäki kolhoz başlygy Bahargül gelnejäniň, ýagny türkmeniň at üstündäki gaýratly zenanynyň keşbi hiç göz öňümden gitmeýär. Onuň bedew atyň üstünde merdem oturyşyna, gaýratlylygyna haýran galardym. «Kärizgenler» çeper filmini ýatlamak bilen, häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan, halal zähmeti bilen köplere görelde bolýan zenanlaryň az däldigini nygtasym geldi.

Gadymy topragyň şöhraty

Halkymyzyň aňyrsyna göz, tarypyna söz ýetmeýän baý taryhy, gaýtalanmajak medeni-mirasy, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärliklerimiziň, milli medeniýetimiziň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhyň taryply ýollarynda möhüm orny eýeleýän gadymy Änew şäherimiziň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň buşlukçysy bolup ýüreklere doldy.

Meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň çeken bir suraty ünsümizi özüne çekýär. Ol surat halyçy Ýazbibi Ahmedowanyň portretidir. Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dünýä inipdir. Ol «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez» diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. «Zehin zehine ýol açýar» diýlişi ýaly, halyçy zenan dürli el hünärinden baş çykarýan aýal dogany Enejanyň 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň hem ussat halyçy bolup ýetişmeginde-de uly tagalla edipdir.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Geçmişimize buýsanç, geljegimize güwäm,Sözden gurlan ymarat, mäkäm dowamat-dowam,Ýagşy doga-dilegler dilimdedir her sabam,Beýikleriň beýigi, şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Islegleri wysaldyr aklyklaryň astynda,Owazasy belentdir goja Zemin üstünde,Asly halallyk bardyr ata-baba kesbinde,Beýikleriň beýigi, şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Düýeler üçin ýolyşyk Hytaý çölünde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyklar goýuldy. Ýol-yşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Munuň sebäbi her ýyl maý aýynyň başynda çölde geçirilýän baýramçylyga müňlerçe adamyň gatnaşýandygy we onuň çäklerinde düýelerde gezim etmegiň esasy güýmenjeleriň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin şeýle netijä geldiler.

Sagdynlyk — gözellik

Nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş gününi görkezmek bolar. Bu sene her ýylyň 31-nji maýynda dünýä ýüzünde giňden bellenilip geçilýär we şol gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan temmäkä garşy göreşmek boýunça birnäçe çäreler guralýar.

Oba hojalygy: galla oragyna taýýarlykly barylýar

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.