"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

... Güýzlük pugtanyňky

Ýakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi, olaryň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylandygy hakyndaky habar göwnümizi göge uçurdy. Bugdaý türkmen topragynda ekilýän esasy dänelik ekindir. Türkmen daýhany bugdaýyň ýazlyk we güýzlük görnüşlerini ýetişdirmegiň baý tejribesini toplapdyr. «Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlük pugtanyňky» diýen nakyl hem şol tejribeden döräpdir.

Topragy gurplandyrmagyň ähmiýeti

Topragyň gurplulygynyň möhüm görkezijileriniň biri-de, onuň düzümindäki gumusyň saklanyş mukdarydyr. Toprakdaky gumusyň esasy bölegini emele getirmekde ýagyş gurçuklary uly ähmiýete eýedirler. Ýagyş gurçuklarynyň uzynlygy 2–3 santimetrden 50 santimetre, ýogynlygy 1 millimetrden 20 millimetre çenli ýetýär. Ýagyş gurçuklarynyň esasy iýmiti – ölen kökler hem-de ösümlik galyndylarydyr. Şol sebäpli hem olar topragyň ýokarky gatlagynda giňişleýin ýaýrap, işjeň hereket edýärler. Hakyky ýagyş gurçuklary çygly şertlerde aýratyn hem ýagyş ýagandan soň, ummasyz mukdarda topragyň iň üstki gatlagynda emele gelýärler. Ýagyş gurçuklary toprak bilen birlikde ösümlik galyndylarynyň, mikroblaryň, kömelekleriň, suwotularyň, nematodlaryň uly mukdaryny özüne sorup alýarlar. Olary dargatmak bilen kesel dörediji floranyň ösmegine päsgelçilik döredýän fermentleriň we witaminleriň uly mukdaryny bölüp çykarýarlar. Ýagyş gurçugynyň bedeninden geçen toprak tozama, suw we ýel eroziýa hadysalaryna garşy durmaga ukyply bolýar. Emele gelen gumus maddalary toprakda ösümligiň ösmegi üçin zerur bolan iýmit elementleriniň ýitgisiniň azalmagyna ýardam berýär.

Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş

Gaty gatlak, Garagaty – sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezligi netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70 – 80 göterim çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede, ösümlikler oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar. * * *

Doluhan (Hekaýa)

Han göbek ganynyň daman topragyna, ösüp-ulalan ojagyna, garry öýe gelşine, goşa ýassygy orta taşlady-da, gülli keçäniň üstünde gyşardy. Aýaklaryňy uzyn salyp, göwräňi erkine goýberseň, näme diýseňem, beýniň rahatlanan, uzak ýoluň ýadawlygy aýrylan ýaly bolaýýar. Han oý-hyýallara gark bolup gyşaryp ýatyşyna irkildi. Onuň ruhy perişdejigi bu dünýäniň gündelik hysyrdylary baradaky pikir-garaýyşlardan, «etsem-goýsamlardan» üzül-kesil daşlaşdy-da, başga-başga dünýälere, arşy giňişliklere, diňe uçup, ganat ýaýyp barylýan menzil-mekanlara gitdi, bir-de göge göterildi, bir-de Zemine indi.

Gawunyň peýdasy

Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawun öz düzüminde adam bedenine aňsat özleşdirilýän uglewodlary, esasan-da, şekeri (fruktozany, saharozany), witaminleri (aýratyn-da, C witaminini), askorbin kislotasyny köp saklaýandygy üçin, ol iň oňat iýmitleriň biridir. Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, marmelad, mürepbe, doňdurma, krem ýaly azyk önümleri ýasalýar. Çigidinden alnan künjarasy bolsa halwa we beýleki konditer önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar. Bulardan başga-da, gawun adam bedenine gerekli peýdaly elementler bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr.

Söwüt

Geçmişde adamlar ekerançylykdan diňe bir azyk önümlerini öndürmän, hojalyk, durmuş maksatly önümleriň hem köp sanlysyny öndüripdirler. Olara mysal edip, suw gaby hökmünde ulanylan suw kädini, şeňňil kädini, gyjak kädini, oýunjak kädini görkezmek bolar. Diňe bir ösümlikler däl, agaçlaryň hem köp sanlysy hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylypdyr. Hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylan agaçlaryň arasynda söwüt öňdäki orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ekilýän söwüt agajy geçmişde has köp ulanylýan agaçlaryň biri bolupdyr. Işlemäge ýumşak hem-de ýeňil bolandygy üçin adamlar ony köp babatlarda ulanypdyrlar. Türkmen ak öýleri tutuşlygyna söwütden ýasalypdyr. Arabalaryň süňňi, eýer, gaňňa, arabaeýer hem söwütden edilipdir.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Paslyň çalyşmagy, howanyň sowamagy dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dünýäde iň köp ýaýran şeýle keselleriň biri-de ýiti respirator keselidir. Ýiti respirator keseli bilen ýarawsyzlyk tapynan näsagy, ilkinji nobatda, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, nahar iýýän okara-çemçesini, ýatýan ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly. Otaglaryň penjirelerini açyp, öýüň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl. Ol başga keselleriň, gaýraüzülmeleriň bolmagyna getirýär.

Garaşsyzlyk — baýramlaryň seresi

Döwletli tutumlaryň gözbaşy 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet, häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Halk Maslahatynda döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meselelere garaldy we taryhy çözgütler kabul edildi.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Arkadagly Gahryman Serdar bilen ösüş saňa ýar, Watan!

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan asylly däbi, dessury, ýörelgesi bolan geňeş etmek, toý tutmak agzybirlikden, döwletlilikden nyşan. Dana hem merdana ata-babalarymyzyň bu ýörelgesi häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýakynda uly dabara bilen toýlanan baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň hem-de Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly toýlanmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu şanly wakalar döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini we bagtyýarlygyny dabaralandyryp, täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy hem-de ony baýlaşdyrdy. Şeýle taryhy wakalara gatnaşmak, onuň gözli şaýady bolmak ykbalyň peşgeşidir. Bu buýsanç döredijilik adamlary bolan bize aýratyn ylham berýär. Hawa, tyllaýy güýzüň ilkinji aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň, şol sanda biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasy bolmak bilen, onda ileri tutulýan meselelere seredildi. Aýratyn hem, onuň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň has-da bagtyýa

Ýaşulular – paýhas mekdebi

Halkymyzyň «Garryly öý – gazna» diýen pähimi bar. Munuň özi ýaşuly nesle goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup, gadymy däplere ygrarly halkymyz häzirki wagtda bu milli ýörelgäni mynasyp ýöredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek baradaky Kararnamany kabul etdi. Berkarar döwletimizde bu baýram her ýyl dabaraly bellenilip geçilýär.

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylap, bu baýramy uludan toýlan ildeşlerimiziň her biriniň ganatly kalplary buýsanç, nurana ýüzleri guwanç duýgularyndan doly. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döredijilikli zähmet çekýän, öňdebaryjy watandaşlarymyzyň birtopary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Bizem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda hem-de kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin şeýle hormat-sylaga eýe bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Muhammet MUHAMMEDOW, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby – gymmatly kitap

Ýurdumyzda edebi-çeper, ylmy-resminamalaýyn, publisistik kitaplary, okuw kitaplaryny, gadymyýetiň dürdänelerini neşir etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ynsan paýhasynyň önümi bolan kitaplaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, şonuň ýaly-da milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen neşir edilen kitaplar aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň biri-de, ýakynda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabydyr. Has takygy, bu kitabyň 4-nji neşiridir. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üç gezek – 1995-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine Gutlag ibermegi onuň ähmiýetini hem-de gymmatyny aýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir» diýip bellenilýär.

Halk Maslahaty – halkyň bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň şöhratly wakalary bilen türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri-de, ýakynda, has takygy, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisidir. Döwletimiziň durmuşynda syýasy ähmiýetli waka öwrülen Halk Maslahatynyň barşynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky meselä uly ähmiýet berlip, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasa-tynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekildi.  Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik zerur bolup durýar. Şunlukda umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri hem girizildi.

Datly miweleriň bolçulygy döredilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Halmämmet Amanmämmedowyň ýolbaşçylygynda ajaýyp gözelliklere beslenip oturan uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasynda döredilen giň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen miweli baglary, terligi bilen aýratyn tapawutlanýan önümleri synlanyňda, ýurdumyzda agrosenagat pudagynyň ýokary derejede ösýändigine we ilatyň gök-bakja we miweli önümler bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede alnyp barylýandygyna guwanýarsyň. Ussat telekeçi birnäçe ýyl mundan ozal 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alan 22 gektar ekin meýdanynyň 5 gektaryna erik, alma, armyt, şetdaly, ülje ýaly ir-iýmişleriň we beýleki miweli baglaryň 5 müň 500 düýbüni ekip, häzirki wagda şol baglardan ýokary derejede hasyl almagy başarýar. Has takygy, geçen ýylda alnan hasyllar 18 tonna ýetirilip, şu ýyl bolsa, önümleri 20 tonnadan artdyrmak barada guramaçylykly işler geçirilýär.

Gaýratly zenan ― hemmelere görelde

Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň üçünji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa diňe bir hojalykda däl, eýsem, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň biri hökmünde tanalýar. Daýhan zenan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüne berkidilen üç gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, ondan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdy. Bu bolsa onuň şertnamalaýyn borçnamasynda görkezileninden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Häzir ol 2,3 gektar kärende ýerinde şalynyň bol hasylyny ýetişdirýär. Suwarymy ýetik atyzlarda gök öwsüp oturan meýdan ekiniň garaşygynyň ýetendiginden habar berýär. Iş tejribesi tas ýarym asyra golaýlaýan başarjaň zenan daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip, hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Onuň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etjekdigine bolan ynamy uly.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi: döwletli tutumlaryň gözbaşy

Gahryman Arkadagly we Arkadagly Gahryman Serdarly halkymyz ýurdumyzyň şanly baýramyny — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýar hem-de asylly däbe görä, ony giň gerimli baýramçylyk çäreleri bilen dabaralandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu gezekki baýramy beýik akyldarymyz we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda toýlanýandygy bilen has-da şöhratlydyr. Baýramçylyk dabaralary hakymyzyň agzybirligini, jebisligini, eziz Watanymyza söýgüsini, beýik Garaşsyzlygymyza buýsanjyny, berkarar döwletimizi ösüşlere besläp öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hormatyny we belent sarpasyny, bagtyýar geljegine ynamyny aýan edýär, dünýä ýaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet durmuşynyň möhüm wakasy bolmak bilen, döwletlilik ýörelgelerimizi, milli agzybirligimizi dünýä ýaýýar. Bu durmuş hakykaty şu gezekki umumymilli forumda bütin aýdyňlygy bilen ýene-de bir gezek dabaralandy.

Garaşsyz Watanym – halkyň ak bagty, Arkadagly türkmeniň geljegi ýagty

22-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.