"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ol çopanyň ýoldaşy...

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz ylmy taýdan öwrenilýär. 2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegi kinologiýa pudagynyň ösüşine itergi berdi.

«Gyzylýabyň» baglary

Akdepe etraby hasyl ussatlarynyň ýetişdirýän datly miweleri bilen ýurdumyzda giňden tanalýar. Ak bazarlarda «Akdepäniň almasy», «Akdepäniň kişdesi», «Akdepäniň igdesi» diýlip, mazamlanýan miwelere häli-şindi duşmak bolýar. Obanyň içinden ýöräp ugranyňda, melleginde miweli agaç ekip, bag ýetişdirmeýän öý ýokmuka diýýärsiň. Uly ýoldan sowlup, oba giräýen ýeriňde, ilki bilen, Orazgeldi Amanowyň mellegine gözüň düşýär. Orazgeldi mugallym aýaly Gurbansoltan Aýtmedowa bilen melleginiň ep-esli ýerini miweli baga öwrüpdir. Mellekde injirdir nardan başlap, adyny tutan miwäňi tapmak bolýar.

Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

Ak şor ýer — daýhanlaryň sözleýiş medeniýetinde, adatça, şory topragyň ýüzüne çykyp, agaryp duran ýeri aňlatmak üçin giňden ulanylýan ýer ady. Professor M.Penjiýew öz ylmy işlerinde ak şorluk ýerleriň emele gelmeginiň sebäbiniň ýerasty suwuň tiz bugarmagy netijesinde onuň üstünde peýda bolýan ak duzuň, köplenç 1 santimetre çenli galyňlykda topragyň ýüzüni gaplap alýandygy bilen baglydygyny ýazýar. Alymyň ýazmagyna görä, şeýle ýerlerde natriý hlor duzy köpräk bolýar. Ýüzi ak duz bilen gaýmaklap duran şor ýerden ýörelende ýaňlanýan sesiň adyna «hoturdy» diýilýär. Agyr gumsala toprakly ýer — topragynyň düzüminde mehaniki elementleriň owuntyklary bolan ýeriň ady. Şeýle ýerde ekinler bol hasyl getirýär. Bu ýer düzüminde ösümlikleriň bol hasyl getirmegi üçin zerur bolan mineral duzlaryň ýeterlikdigi sebäpli tebigy döküne baý bolýar.

Meniň dostlarym (Hekaýa)

Ahmal gyza kän mahsus däldirem welin, men-ä itleri gowy görýärin. Daş sypatlary nähili bolsa, bolaýsyn, itleriň ählisinde birmeňzeşlik bar. Olaryň hemmesiniň gözleri akylly, manyly. Saňa nämedir bir gowy zatlary aýdasy gelip duran ýaly. Ejemiň aýtmagyna görä, kiçijekkäm ala-böle itden gorkmaz ekenim. Megerem, şu ahwal hem itler bilen dost bolmagyma sebäp bolandyr. Joralarym bilen üýşüp, itli köçeden geçip gitmeli bolsak, haýsy tarapda it ýatan bolsa, şol tarapa meni geçirerdiler. Başgalara üýrüp duran itiňem, maňa seredip «yňkam» etmeýşine içlerini çekip, haýran galýan joralarymyň ýüzi häli-häzirem göz öňümden gitmeýär. ... Ony heniz kiçijekkä öýe getiripdik. Adyna-da Garagöz dakdyk. Garagöz türkmen iti bolmasa-da, onuň şeýle bir salykatly gylyklary bardy. Ony elim bilen naharlasamam towsup, gujagyma bökjek bolup durmazdy. Garaz, ol gözüme güýdüşip, howlymyzyň arka derwezesinden, ulaglaryň suw ýaly geçip duran şaýoluna çykyp, meniň ýüregimiň juda-juda agyrmagyna, hatda aglamagyma-da sebäp bolýança wepaly dostum bolup ýaşady...

Şygryýet älemi

Türkmen bedewi Asyrlaryň jümmüşinden ýadygär,Mirasyma bezeg, ajaýyp eser —Türkmen bedewi.Toýnagynyň urgusynda jady bar,Çapyksuwar diýer: «Kişňeýşiň ýeser» — Türkmen bedewi.

Gyzyl hyýar

Gyzyl hyýar Thladiantha dubia, kädiler maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Ol Ýer ýüzünde onçakly giň ýaýramadyk hem bolsa, ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerinde gymmatly ekindir. Bu ösümlik köplenç bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Gyzyl hyýaryň gelip çykan ýeri Hytaýyň Demirgazyk-gündogar sebitleri we Uzak Gündogaryň günortasy hasaplanylýar. Gyzyl hyýaryň baldaklary ýumşak tüýjagazlar bilen örtülip, ol 5 metre çenli ösmäge ukyply. Direg bolan ýerlerde ol aňsatlyk bilen murtjagazlarynyň kömegi arkaly ýokary dyrmaşýar we giň meýdany eýeläp bilýär. Onuň ýapraklary ýürek şekilli bolup, açyk ýaşyl reňklidir. Bu ösümlik güýze çenli gülleýär. Gyzyl hyýar iki öýjükli ösümlik. Miweleri görnüşi, ölçegi boýunça kiçijik hyýary ýada salýar. Bişip ýetişýän döwründe ýaşyl reňkden mämişi-gyzyl reňke geçýär. Miweleriniň üstünde oňat bildirip duran zolaklar bolýar. Miwäniň içindäki etlek bölegi gyzylymtyl reňklidir we onuň süýjümtik tagamy bar.

Diňe güýz hakynda

Saglygyň gadyryny bilgil...

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli. Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron görnüşine 2025-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. Şonuň ýaly-da, «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris.

Doganlyk halklaryň dostlugy bile, Şatlyga beslendi buýsançly sene

Şu gün merjen paýtagtymyzda teatr sungaty arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýeden gelen teatr toparlarynyň gatnaşmagynda Türki medeniýetiniň Halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna badalga berildi. Bu festiwalda sungat ussatlary doganlyk halklaryň medeni özboluşlylygyny beýan edip, teatr çykyşlary arkaly tomaşaçylara diňe bir sahnanyň däl, eýsem, doganlyk ýurtlaryň taryhy we ruhy dünýäsini açyp görkezerler.

Täsirli geçen duşuşyk

16-njy oktýabrda Änew şäheriniň «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk ähli dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu möhüm çäre meşhur taryhçy alymlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli hem-de olaryň türkmen taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden taryhçy alymlar, arheologlar we ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi babatda alnyp barylýan işler barada täsirli çykyşlar etdiler. Şol çykyşlarda alymlar Massonyň we Sarianidiniň Goňurdepe, Altyndepe we Merw ýaly gadymy siwilizasiýalaryň merkezlerinde alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň taryhy gymmatlygy aýratyn nygtaldy.

Türkmen ili toý tutdy, Älem galdy haýrana

Saglygy goraýyş: täze merkezler halkyň hyzmatynda Her ýylda bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda açylyp, ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry) Hormatly Wladimir Wladimirowiç,Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry) Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Güýz

Türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýakynda merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjegi – «Laçyn» seýilgähinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy hem iki halkyň arasyndaky dost-doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşany boldy. Biz hem gazak edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň döredijiliginden bir parçany okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Bulutlar asmanyň tutupdyr ýüzün,Çal duman güýz bolup örtüpdir düzüm.Bilmedim doýupmy, üşäp doňupmy,At, taýlar ýaryşyp, görkezýär özün.

Üstünliklere beslenýän menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady pudaklarynda, oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler ýokary derejelere göterilip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň aýdyň miwesi hökmünde Watanyň milli ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda mynasyp orun almagyna giň mümkinçilikler döretdi. Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri hem ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşmak bilen, ýylyň-ýylyna dänäniň, «ak altynyň», gök-bakja we miwe önümleriniň müňlerçe tonnasyny Watan harmanyna tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler.

Tohumçylyk bol hasylyň özeni

Sahawatly toprakdan bol hasyl almakda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny kämil ýola goýmak pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen baglylykda şu ýylyň 19 – 20-nji sentýabry aralygynda ýokary guramaçylykly derejede «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly Halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtlardan tejribeli alymlar, oba hojalyk hünärmenleri gatnaşdylar we tohumçylyk ylmynda gazanylan üstünlikleri, bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň täze döredilen görnüşleri, gibridleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny ösdürmekde ýurdumyzyň türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyş boldular. Aýratyn hem, türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly bugdaýyň täze sortlarynyň sergide görkezilmegi uly gyzyklanma döretdi. Alymlaryň gazanýan şeýle üstünlikleri azyk bolçulygyny döretmekde strategiki ekin bolan bugdaýdan bol we ýokary hilli hasyl almakda täze mümkinçilikleri döreder. Ýurdumyzda bakja ekinleriniň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmekde hem önjeýli işler alnyp barylýar.

Pagta — biziň baýlygymyz

Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biz hem pagtaçy daýhanlarymyza tüýs ýürekden «Arma!» diýýäris hem-de olara ýeňil bolmadyk işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw edýäris. Ynsan durmuşyny hemmetaraplaýyn üpjün edýän pudaklaryň biri-biri bilen bagly bolşy ýaly, oba hojalygy pudagy-da şeýle häsiýete eýerdir. Oba hojalyk pudagynda esasy orun tutýan pagtanyň saglygy goraýyş ulgamynda, has takygy, lukmançylykda ulanylýandygy munuň bir mysalydyr.

Sogap gazanýan bagban

Bag durmuşyň bezegi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýany we daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Il-ýurt bähbitli şeýle beýik işleri durmuşa geçirmekde saldamly goşandyny goşýan, öz hünärine ussat bagbanlaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynda ýaşaýan Bahram Babaýazowyň adyny obadaşlary uly hormat bilen tutýarlar. Ol öz maşgalasynda aýaly Gözel, ogly Iskender, gyzlary Sapargül, Leýli bilen ençeme ýyllardan bäri 0,64 gektar mellek ýerinde her ýylda 20 müň düýpden gowrak dürli görnüşli miweli, pürli, saýaly baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Taýýarlan nahallaryny edara-kärhanalara we ýaşaýjylara elýeterli bahadan ýerleşdirýär.

Döwrüm bereketli, Ilim bagtyýar!

Beýik başlangyçlara beslenýän 2024-nji — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar eziz Watanymyzyň adyny arşa göterip, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginde 2012-nji ýyldan bäri kärendeçi bolup zähmet çekýärin. Biz — kärendeçiler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawy esasynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga öz goşandymyzy goşýarys. Bize öndürijilikli işlemäge ähli şertler döredilýär. Munuň üçin oba hojalyk işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarynyň çägi ýok. Şu ýyl 19,5 gektar kärende ýerimde ýetişdiren ak bugdaýymyzdan 64 tonna hasyly Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamamy artygy bilen ýerine ýetirdim. Zähmetiniň miwesini görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretlerine guwanyp ýaşamaga, işlemäge döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.