"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Täsin daragt

Jakaranda — täsin ösümlik. Jakarandanyň watany Günorta Amerika hasaplansa-da, häzirki wagtda ol dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Jakarandanyň täsin gök, benewşe reňkli, jaňjagaza meňzeş gülleri bolýar. Bu ösümligiň käbir görnüşleriniň ak, sary we goýy gyzyl reňkli güllüleri hem gabat gelýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümlik oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli has owadan görünýär. Bu döwürde ol gülleýär we baldaklary güle bürenýär. Onuň boýunyň uzynlygy 20 – 30 metre çenli ýetýär. Jakaranda Awstraliýada giňden ýaýran agaçdyr. Her ýylda Grafton şäherinde Jakaranda festiwaly geçirilýär. Awstraliýada maşgalada çaga doglandan soň, jakaranda agajynyň nahalyny oturtmak däbi bar. Awstraliýaly talyplar bu agajy «synag agajy» diýip atlandyrýarlar. Jakarandanyň gülleýän wagty onuň güli kimiň kellesine gaçsa, bu onuň synagdan üstünlikli geçjekdigini aňladýar.

Dowar malynyň ýedi haýry

Ömrüni dowar malynyň yzynda egri taýagyny elinden goýman geçiren çopan gojalaryň biri dowar malynyň ýedi haýryny sanap berdi. Asyl dowar malynyň ýedi zady — eti, süýdi, ýüňi, derisi, içegesi, şahy, ýarysy (iki aýagynyň arasyndaky derisiniň tüýsüz ýeri) adama haýyr berýän ekeni. Goýun-geçiniň etiniň, süýdüniň nämä ulanylýanyny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Goýnuň ýüňüniň, geçiniň çöpüriniň hem dürli maksatlar üçin ulanylýandygy hemmä mälim.

Bereket bolçulygynyň dabaralanmasy

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistan — ösüşleriň mekany

Milli manadyň 31 ýyllygyna 1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şäherlerde we obalarda bu ugurdaky düzümi kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanmak ynsanyň diňe bir bedenini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ruhuny hem belende göterýär, köpugurly kämilleşmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň agrosenagat toplumynyň işini döwrebap ýola goýmak babatda öňde goýan maksatlary üstünlikli amala aşyrylýar. Aýratyn hem soňky ýyllarda ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň, partiýalaryň guramaçylyk taýdan giň gerimli işleriniň netijesi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň işe bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň 4-nji noýabrynda merjen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýynyň geçirilmegi hem aýdyň mysaldyr. Bu foruma ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Arkadag şäherinden köp sanly wekiliýetler — oba hojalyk pudagynyň wekilleri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasyl toýy — bagtyýarlygyň baýramy

Agamyrat ÇARYÝEW,«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň direktory:

«Magtymguly, budur ykrar»

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, beýik akyldarymyz, nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, giňden wagyz etmek işi yzygiderli häsiýete, giň gerime, ýokary derejä eýe boldy. Biz muňa 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy, 2024-nji ýylda bolsa 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen we geçirilýän işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Bu asylly işler beýik şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynda welilik bilen beýan eden berkarar döwlet, halkyň agzybirligi baradaky arzuwlarynyň wysal bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar» diýip belleýär.

Yhlasly zähmet – oňyn netije

Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden, ýeňillikli şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýyllarboýy çeken yhlasly zähmeti ajaýyp miwesini eçilip, Annagülüň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan kärendeçi zenan Annagül Penjiýewa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Bu kärendeçi zenan şu ýyl azyklyk bugdaýy öndürmekde ýokary netije gazandy. Ol 10 gektar kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaý hasylyndan şertnamalaýyn borçnama laýyklykda 18 tonnany Watan harmanyna tabşyrmalydy. Onuň görkezijisi bolsa 40 tonna 250 kilograma barabar boldy. Şunda her gektara düşýän hasyllylyk 41 sentnerden geçdi. Tejribeli zenan bugdaý hasylyndan boşan ýerlerini boş goýman, dessine mäş ekdi. Bu gün onuň sahawatly ýerde ýetişdiren azyklyk önümi hem bereketli hasylyny eçildi. Indi onlarça ýyldan bäri kärendeçilik bilen meşgullanyp gelýän daýhan zenan ilkinji ýyllardan öz başarnygyny görkezip ugrady. Ýeriň abyny-tabyny bilýän Annagül özüne ynanylan ýere yhlasyny siňdirýär. Altyn güýzüň gelmegi bilen, onuň 19 gektar meýdanda ösdürip ýetişdiren gowaçalary hem bol hasyl berdi. Gowaçaly meýdanda bereketli hasyly ýetişdirip, ilkinji ýygymda 62 tonnanyň ýerine 76 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyran

Akrap gyşyň owsuny

— Irki döwürlerden bäri pasyllar, döwürler bilen bagly söhbet edilse, «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýlen aýtgynyň ýatlanylýandygyny köpler bilýän bolsa gerek. Sebäbi asman gümmezindäki ýyldyzlar bilen gyzyklanýan adamlar oktýabr we noýabr aýlarynda ir sagat 5 — 6 aralygynda asmanyň günorta böleginde, dik depäňde diýen ýaly, topbajyk üýşüp duran Ülker, Aralyk ýyldyzlar toparyny, Üçýyldyzy,Ýaldyrak ýyldyzyny, ondan sähel aşakda bolsa, terezä meňzeş bolup duran Mizan ýyldyzlar toparyny görüp bilerler. Ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasy boýunça mizandan soň, akrap döwri başlanýar. Häzir şol döwür dowam edýär. Akrap döwri oktýabr aýynyň 22-sinden öz hökümini ýöredip başlaýar we noýabr aýynyň 22-sine möwritini tamamlaýar. Diýmek, akrap döwri biziň eždatlarymyzyň ýöredip gelýän ýyldyz senenamasyna görä, laýyk 30 gün dowam edýär. Ekerançylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ýylboýy alyn derlerini döküp, kemala getiren ekinleriniň üstüni gyş üçin niýetlenip basylyp goýlan bede, beýleki haşal otlar, saman, ýandakdyr syrkyn desseleri bilen basyryp, olaryň sowuk urmazlygyny gazanypdyrlar. Joýada ýetişdirilýän güýzki gök-bakja ekinlerini bolsa sapagyndan ýolman, biýaralary bilen joýalaryň içine taşlap, terligine basyryp goýupdyrlar. Şeýdibem, hasyly sowuk urmakdan halas edipdirler.

Güýzüň soňky aýy hakda

Howanyň ähli ýerde birmeňzeş bolmaýşy ýaly, pasyllar hem Zeminiň dürli künjeklerinde dürli häsiýeti bilen tapawutlanýarlar. Türkmen tebigatyna bereketli hasyly bilen gadam goýan güýzi biziň halkymyz toý-baýramlaryň pasly hasaplaýar. Çünki ildeşlerimiz güýzüň hakyky keşbini bol miweläp, başyny egip oturan baglarda, tylla reňke çaýylan ýapraklarda görýärler. Şonuň üçin il arasynda ýylyň bu möwsümine agraslygyň, goýazylygyň döwri hökmünde-de garalýar. Geliň, dünýäniň käbir ýurtlarynda güýzüň soňky aýynyň keşbine gaýybana syn edeliň!

Obamyň gyz-gelinleri (Oýlanma)

Obamyzda şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Toý lybaslaryny geýip gelen märekäniň ýüzünde ata Watana bolan buýsanç bar. Toý gazanlary gaýnap, aýdym-sazyň owazy ýaňlanyp, üsti oglan-gyzly hiňňildikler bat alýar. Bu gün ene topragyň eçilen bol hasylyny ýygnan daýhanlar naz-u-nygmatly desterhanyň başynda Hasyl toýuny toýlaýarlar. «Ene toprak» diýlip ezizlenýän, giňligi gözýetime sygmaýan alyslyga uzap gidýän türkmen sährasy. Zähmetsöýerligi, yhlaslylygy bilen sährany jennete öwrüp, gözel ýaşaýşy döredýän pagtaçy Aýsenemler, narçy Nurjemallar, gallaçy Orazgüller, sagymçy Marallar... göz öňünde janlananda, olaryň Gün nuruna gaýzygan mähriban keşbinde egsilmez gaýratyň, ýaşaýşa söýginiň bardygyny duýmak bolýar. Olaryň daň şapagy dünýäni ýagtyldyp ugradygy, «Başgalary oýadaýmaýyn» diýip, gapyny emaý bilen açyp, seýkin basyp, gündeki işlerine başlaýşyny aňyňda aýlanyňda, zenan ýüreginiň mähribanlygyna, sadalygyna, haýran galýarsyň. Olara ýöne ýere: «Obamyzyň her säherini güler ýüz bilen garşylaýan gyz-gelinleri» diýip guwanmaýarlar ahbetin!

Döredijiligiň edebi meýdany

Daýhanyň toýy Mukaddes topragyň şan eçilipdir,Guwan daýhan, buýsan daýhan, toý bu gün!Bagt saýýan baýlygyň kän eçilipdir, Guwan daýhan, buýsan daýhan, toý bu gün!

Käşir hakynda

Käbir ýurtlarda käşir gök önüm däl-de, miwe hasaplanýar. Käşir köp tarapdan özboluşlydyr. Antioksidantlary dürli iýmitlerde dürli mukdarda tapyp bolaýsa-da, olar bişirilende ýok bolýar. Emma käşir bişirilende , ondaky antioksidantyň mukdary iki esse köpelýär.

Güýz paslynda kadalary berjaý ediň:

Oba hojalygy: aýdyň wezipeler – önjeýli netijeler

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Şan goşulýar şöhrat-şanyňa, Watan!

Netijeli dialog ösdürilýär 23 — 24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary,Hanymlar we jenaplar!

Çekseň zähmet — ýagar rehnet

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çeken päk zähmetiň hözirini görmegiň lezzeti başgaça. Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde 40 ýyla golaý kärendeçi bolup zähmet çeken Mährem Weljikow hem bu günki gün yhlasly zähmetiniň hözirini görüp bagtyýar durmuşda ýaşaýan kärendeçileriň biri. Ýakynda bu kärendeçi bilen duşuşyp söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy. — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak, onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşyny diňlemek meni diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle hem şu taryhy ýylda çeken zähmetime uly baha berlip, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagym meniň buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy meni öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şaly oragy gyzyşýar

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly oragyny depginli alyp barýarlar. Welaýat boýunça ekilýän 8 müň 100 gektar şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bu daýhan birleşiklerinde şalynyň «müňbaş», «elenga», «Nöküs – 2» ýaly ýokary hasyl berýän sortlary ekildi. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şu ýyl şaly ekilen meýdanlardan ýokary hasyla garaşylýar. S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçileriň 432-si 4 müň 450 gektar meýdanda şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şalyçylykda baý iş tejribe toplan Meretdurdy Amanow, Şatlyk Annaýew, Tawusjemal Baýmedowa,Wepa Öräýew ýaly kärendeçileriň kärende ýerinde bu ýyl hem şu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasyly ýetişdirildi.