Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şäherlerde we obalarda bu ugurdaky düzümi kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanmak ynsanyň diňe bir bedenini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ruhuny hem belende göterýär, köpugurly kämilleşmegine ýardam berýär.