"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Körpelere okap beriň!

Kak Gök, gübürdäp, depiňi kak,Ýagyş ýagyp, goý, dolsun kak!

Badat

Badat — krahmala baý, süýjümtik tagamly, süýrümtik şekilli bakja ösümligi bolup, daşyndan synlanyňda, ýeralma meňzeýär. Onuň gabygy ýuka, kökmiwesi bolsa, köplenç narynç, sary, benewşe öwüşginlidir. Ýeralma meňzeýändigi sebäpli, oňa «süýji ýeralma» hem diýýärler. Meksika, Kolumbiýa, Wenesuela ýaly ýurtlar badatyň watany hasaplanýar. Bu ösümlik tropiki tebigatly topragy we ýylylygy halaýar. Badat dünýä aşhanasynda ýörgünli bolup, ol gowrulyp, gaýnadylyp, buglanyp, şeýle-de çig görnüşinde iýilýär we dürli süýjülik önümlerine goşulýar.

Gelse, ekin gürden gelsin!

Halkymyz tomsuň epgegine, gyşyň aýazyna garaman, ýylyň bütin dowamynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýär. «Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür» diýen peder pendine eýerip, ýazky ekinlerden boşan ýeriň gyrasyndaky çöpleri ýygyp, desseläp, küde edip, maldarçylykda ulanypdyrlar. Ondan galan ot-çöpleri tamdyrtowy edinip, hiç zady isrip etmändirler. Güýzde ekiljek ýerlerdäki ekinler orlup, meýdanlar boşan badyna sürlüpdir. Sürlüp, şüdügär edilen ýerler gyşda ýagyş-garyň astynda, tomusda jokrama yssyda mazaly dem alypdyr. Şu ýagdaýda sepilip ekilýän ekinleriň ýerleri malalanyp, iri kesekleri owradylyp, toprak ekişe taýýarlanypdyr. Sürlüp, mäjum bolan toprak üstünden aýakýalaňaç ýörelende topukdan geçmese, çokaýly ýörelende çokaýyň erňeginden girmese, sürüm işinden kanagatlanylmandyr. Taýynlanan ýerlere orak ýa-da aňňal zyňylyp, olar topraga gömülse, ýeriň ekişe taýýardygy makullanylypdyr.

Süýnýän ýyldyzlar

Hemmeleriň «süýnýän ýyldyzlar» diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar däl-de, asman giňişliginde «syýahat edýän» gaty jisimler – meteoritlerdir. Meteoritler örän uly jisimlerdir. Kiçiräk meteoritler Ýeriň atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ýanyp ýetişmedik şeýle jisimleriň bölegi ýere düşende meteoritler diýlip atlandyrylýar. Meteoritler, köplenç arylar ýaly topar-topar bolup, «syýahat edýärler». Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip ýanýarlar we soňra almaz ýaly ýaldyrap, ýere gaçýarlar.

Wolfiýa ösümligi

Dünýädäki iň kiçijik ösümlik Wolfiýa suw ösümligidir. Wolfiýa, esasan, wegetatiw bölünişik arkaly köpelýär. Bu ösümlik Gün şöhlesiniň düşmegi bilen, ýyly suwda gülläp ösýär. Ol Awstraliýadan Amerika çenli ähli yklymlarda duş gelýär. Şeýle hem ol Hindistanda, Orta ýer deňiz ýurtlarynda we Merkezi Ýewropada giňden ýaýrandyr. Russiýa Federasiýasynyň Brýansk, Woronež, Kursk, Lipetsk we Tambow sebitlerinde duş gelýär. Köplenç, orta we tropiki zolaklarda ösýär. Gyşda ony 14 – 16 derejedäki ýylylykda saklap bolýar.

Lukmanyň maslahaty

Oba milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Halklary we medeniýetleri baglanyşdyrýan döwür

Sungatyň çeper beýany 13 – 15-nji noýabrda ýurdumyzda «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal geçirildi. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan kino sungatyny öwrenijileriň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Bu halkara kinofestiwaly Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.

Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­lar

Goňşy döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza esaslanýar. Özbegistan hem şol hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berilýär. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilmegi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň şeýledigine 18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we

Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy

Garaşsyz ata Watanymyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar meýdanda tokaý zolaklary emele getirildi. Ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda gözelligi, ekologiýa edýän oňyn täsiri bilen tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekildi. Nahal ekmek, bag oturtmak, baga ideg etmek ýaly ýörelge türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa, Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy

Bol ha­sy­lyň ala­da­sy

Ýurdumyzyň oba hojalygynda esasy ekinler bolan bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy zähmetsöýer daýhanlary örän ruhlandyrdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasyl berýän sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Olardan orta süýümli gowaçanyň «Garaşsyzlyk – 30», «Ýolöten – 50», «Ýolöten – 53» we bugdaýyň «Ýolöten – 1», «Ýolöten – 3» sortlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu sortlary ekmegiň gerimi barha giňeýär. Şoňa görä-de, daýhanlaryň ýerden alýan hasylynyň möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar.

Oty köpüň — maly dok

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny gazanmaga mynasyp goşant goşýan Mary welaýatynyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary şu ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen, tutanýerli zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, olaryň zähmeti ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň owlak-guzy almak möwsüminde gazanylan görkezijiler güwä geçýär. Agzalan döwürde bu ýerde 25 müň 50-ä golaý ene goýundan 20 müňden gowrak sagdyn guzy alnyp, şonuň ep-esli bölegi ösdürime goýberildi. Güýz gyrkymy aýny wagtynda üstünlikli geçirilip, bu baradaky meýilnama artykmajy bilen berjaý edildi. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary howanyň sowuk wagtlary mallary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ätiýaçlyk ot-iým gorunyň 2 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. «Babaçöňňe» ýaýlasynda zähmet çekýän ot taýýarlaýjylaryň dowarlaryň gyşky öri meýdanlaryna eltip, basyp goýan ätiýaçlyk ot küdeleri dowarlary gyş paslyndan dok we abat alyp çykmaga şert döreder.

Bag­ban yhlasy

Dogrusy, esasy käriniň daşyndan daýhançylygam, bagbançylygam ýöredýän, bu babatda hem diňe öz obasynda däl, eýsem, ýaşaýan etrabynda-da kemsiz adygan Döwletjan köp-köp baglary ýetişdirip kän sogap gazanan hem bolsa, hurma agajyny ekip, kemala getirip, onuň miwesini obadaşlaryna, il-gününe hödürläp iýdirmegiň arzuwyndady. Ynha, günleriň bir güni öz ýaşaýan obasyna golaý Wekilbazar etrabyndaky tanyşlarynyňka baran mugallymyň gözi howlynyň içindäki düzüm-düzüm miweli, görseň gözüňi dokundyrýan, ýapraklarynyň hemmesi baldagyndan tänip ýere gaçan owadan agaçda eglendi. Ol diýseň owadan bu miweli agajy heniz görmändigini aýdyp, onuň bilen içgin gyzyklandy. Maşgalabaşy onuň hurma agajydygyny, Lebapda ýaşaýan dostundan nahalyny alyp, getirip, oturdandygyny, berlen maslahatlara laýyk gowy garaşyk edilen agajyň bolsa, 3 ýyldan soň, özüni diýseň tagamly miwe bilen hezzetländigini guwanç bilen myhmanyna gürrüň berdi. Şondan soň, Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan Döwletjan Öwezmyradow hem Lebaba gidip, tanşynyň salgy beren dostundan hurma agajynyň nahalynyň 4-sini getirip, melleginde oturtdy. Olaryň idegini ýetirip, maksadyndan myrat tapdy. Özüniň köp ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdiren bagbançylyk ýörelgelerini netijeli peýdalanyp, hurma nahallaryny hem öz eli bilen ýetişdirip başlady.

Oňurgasy odundan...

Garry atam mugallym bolup zähmet çekensoň, çaga terbiýesine uly üns berýärdi. Ol çagalaryna we agtyklaryna hem terbiýe berip, ylym-bilim bilen meşgullanmagy çagalykdan ýüregimize guýan ynsandy. Şonuň üçin ylym-bilim bilen meşgullanmagyma garry atam Geldi mugallymyň siňdiren yhlasy has uly. Ol çaga wagtymyz daşyna üýşürip, halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan matallary aýdyp, çagalykdan pikirlenmek ukybymyzy baýlaşdyrmagymyza ýardam ederdi. Garry atam bir gün: «Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden» diýip bize bir mataly orta atdy. Eger şu matalyň jogabyny kim bilse, 1 sany towugy täze çykan jüýjeleri bilen berjekdigini aýdyp, bu gezekki söhbedi has-da gyzyklandyrdy. Biz doganlarymyz bilen her hili jogaplary berdik. Näçe synanyşsak-da, dogry jogaby tapyp bilmedik. Şonda garry atam: «Bu sowalyň jogaby guýudyr» diýdi. Soňra bize şol guýular barada gyzykly gürrüňleri berdi. Guýular halkymyzyň, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar il içinde gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirk

Miweli bag­la­ryň was­py

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär. Bu bereket bolçulygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň oňyn netijesidir, ýurdumyzyň edermen oba hojalyk işgärleriniň, hususy pudagyň wekilleriniň, telekeçileriň zähmetiniň miwesidir. Ýurdumyzda bagçylyk, bagbançylyk ozaldan meşhur. Ussat bagbanlaryň ençemesi öz halal zähmeti, döreden baglary hem-de dürli görnüşli miwe sortlary bilen at alan, abraý gazanan ynsanlardyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde bagçylygy ösdürmäge, dürli miweleriň bolçulygyny döretmäge uly üns berilýär. Bu bolsa halkymyzda ýörgünli bolan «Bagy baryň – bary bar» diýlen pähimiň durmuş hakykatyna esaslanýandygyny, bu hakykatyň beýanydygyny görkezýär. Häzirki wagtda miweçiligi ýöriteleşdirilen hojalykda, kärende ýerlerinde, hususy melleginde dürli miweli baglary ekip, bagçylyk bilen meşgullanyp, almanyň, erigiň, armydyň, garalynyň, üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan zähmetkeş bagbanlar örän köp.

Çopan synçylygy

Halkymyz irki döwürlerden bäri Güne, Aýa, ýyldyzlara we tebigatda bolup geçýän hadysalara syn edip, howanyň ýagdaýyny öňünden kesgitläpdirler. Tebigatyň hadysalaryndan baş çykarmak, howanyň duýdansyz üýtgemek ähtimallygyny duýmak aýratyn ukyply adamlara mahsus bolupdyr. Men hem çagalyk döwrümden bäri ýakyndan tanyş bolan şeýle adamlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildim. Biz Goýmat obasynda Amangylyç agalar bilen goňşy bolup ýaşaýardyk. Olaryň maşgala agzalary bilen garyndaş ýaly gatnaşýardyk. Kürrük ogly Amangylyç aga salykatly, kiçigöwünlidi, uly-kiçi hemmeler oňa Amangylyç kaka diýip ýüzlenerdiler. Çarwa maşgalasynda önüp-ösüp, oglanlykdan çöl-beýewanda goýun bakyp gezen Amangylyç aga arly tomus ak ezýaka köýneginiň daşyndan güpbi geýip gezerdi. Bili guşaklydy. Başyna gara toklynyň derisinden tikilen şypyrma telpek geýerdi. Ol barada köp ýyllar çopançylyk eden Halmämmet aga şeýle gürrüň berdi:

Ekin ýer­le­riniň ga­dy­my at­la­ry

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çemenlik — dürli otlara, gülzarlyga, lälezarlyga beslenen meýdan. Çemenzarlyklar, adatça, bahar aýlary suwly meýdanlarda, çeşmeleriň kenarlarynda has owadan bolýar, giden çemenzarlygyň içinde guşlar jakgyldaşýarlar. Çemenlikde dürli reňkdäki güller bitýär. Çemen sözüniň sinonimi «yzgarly, suwly» manysyndaky öl (ö:l) sözünden we — (eň) goşulmasyndan durýan öleň sözüdir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň «Illeri bar diňli-diňli, /Sowuk suwly, ter öleňli» diýen setirlerinde çemenligiň hem waspy ýetirilýär.

Ogurjaly – keýikler adasy

Ýurdumyzda Gyzyl kitaba girizilen seýrek duşýan keýikler goşatoýnaklylar toparynyň «Gazella» toparyna degişlidir. Keýikler owadanlygy, näzikligi, bedeniniň syratlylygy we sarçlygy bilen tapawutlanýarlar. Keýigiň bedeniniň uzynlygy 115 santimetre, beýikligi 75 santimetre, agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Keýik tekeleriniň gara reňkli, uzyn, egri, özi hem halkalar bilen örtülen owadan şahlary bolýar. Bedeniniň ýokary we gapdal taraplary çäge reňkli, aşak tarapy we aýaklarynyň iç taraplary ak reňklidir.

Ge­ze­ge­niň gaý­dyp gel­me­gi (He­ka­ýa)

Kakam Köneürgenç düzlügindäki Monjukly kanalynyň boýundan ekin ekmek üçin kärendesine ýer alansoň, ir baharda maşgalamyz bilen şol ýere göçdük. Sary daýym ol ýerde biziň üçin daş-töweregi derekdir söwütlige, igdelige bürenen üç otagly jaýam tapyp goýupdyr. Şol ýyl kakamyň yhlasy bilen, ekinlerimiz bitginli boldy. Güýzde hasyl ýygnalýan wagty kakam harman jaý edip, alan dänelerini haltalara salyp, ýörite ammar jaýymyzda tertipläp goýdy, ýöne soňky günler ammar jaýymyz bilen ekin meýdanlarymyzyň golaýynda üýtgeşik gazylan täze kürenlerem peýda bolup başlady. Asyl, görüp otursak, şol kürenlerde biziň ýygnan dänelerimizi gije-gündiz hinlerine daşaýan gatyguýruk, kör syçan ýaly ýabany gemrijiler ýaşaýan eken.

Aý­na ke­be­lek

Greta Ota dünýädäki iň geň galdyryjy we özboluşly kebelekleriň biri. Ol Amerika yklymynda has köp duş gelýär. Bu kebelegiň ganatlarynyň gyralary melewşe reňkde bolup, esasy bölegi reňksizdir. Bu täsin görnüş onuň ganat dokumalarynda ýörite nonostrukturalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýdibem, ol şöhlelendirmäni ep-esli peseldýär. Kebelegiň ganatynyň täsin gurluşly bolmagy onuň haýsy gurşawdadygyna baglylykda, reňkini üýtgetmegine sebäp bolýar. Bu özboluşlylyk kebeleklere ösümlikler bilen garyşmaga we tebigy duşmanlaryndan gizlenmäge mümkinçilik berýär. Aýna kebelekler özünde zäherli alkaloidleri saklaýandygy üçin guşlar olary iýmeýärler.