"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Daýhançylyga degişli nakyllar we atalar sözi

Jepakeşi il tanar, çyn daýhany pil tanar. Harman aldym–gala aldym.

Saglyk – baýlyk

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

Üstünlige beslenýän netijeler

Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, her ýylda 100 müň tonna bugdaýy saklamaga we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen taslama kuwwatlylygy 5 müň tonna bolan tohumlyk bugdaýy arassalanýan we saklanýan bölümden ybarat bolan «Türkmenabat galla önümleri» kärhanasy ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Ýylyň başyndan bäri bu kärhanada jemi 19 müň 831 tonna un öndürilip, şondan 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa 1-nji hilli un önümi boldy. Şeýlelikde, kärhananyň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy.

Oba hojalygy: möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Sazlaşykly ösüşler — bagtyýarlyga badalga

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Magtymgulynyň medeni mirasy — halkymyzyň ruhy hazynasy

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi.

Mukaddes saçaklaryň berekedi

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Jogapkärli möwsüm

Häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Etrabymyz boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Etrabymyz boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Etrabymyzyň ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine girişildi. Etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletow özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektardan 50 sentner hasyl öndürip, 50 tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, meýilnamany artykmajy bilen berjaý etdi.

Gallaçylaryň buşlugy

Ene topraga bagry badaşan kärendeçilerimiz, mülkdarlarymyz yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlar bilen galla oragyna güýçli depginde we guramaçylykly girişdiler. Şu günler ezber kombaýnçylarymyz gije-gündiz diýmän, wagt bilen hasaplaşman, iki çalşykda galla hasylyny isripsiz ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Awtoulag sürüjilerimiz däne hasylyny ammarlara öz wagtynda eltip tabşyrýarlar. Kärendeçilerimiz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny amal edýärler, olaryň ýüzlerinde şatlyk alamaty bar. Öňdebaryjy daýhanlarymyzy, kombaýnçylarymyzy, awtoulag sürüjilerimizi höweslendirmek maksady bilen, Tagtabazar etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän hojalyklardan gelýän hoş habarlar, buşluklar bolsa göwünleri göterýär.

«Şäherleri şa gyzynyň gupbasy»

Arkadag şäheri — ak geljegiň şäheri Bu gün Gurbannazar Ezizowyň «Şäher guruň, penjiresi giň bolsun» diýen setiri öz beýanyny tapdy. Awara durnalaryň ganaty degýän belent jaýlary özünde jemläp, Oguz topragynda, Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäheri bina boldy.

Döredijiligiň dabaraly toýy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylymyzyň 22-nji iýunynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, edebiýatçy alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda guralýan medeni çäreler täsirliligi bilen ýatda galýar. «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynda, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisinde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň, «Magtymguly» operasynyň görkezilişi, kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy, şeýle hem «Kompozitor» atly filmiň görkezilmegi medeni foruma gatnaşyjylara ajaýyp sowgat boldy. Ýazyjy-şahyrlaryň «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly şygryýet agşamy, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, žurnalistleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar köňüllere ylham paýlady. Döredijiligiň baýramy bolan Medeniýet hepde

Magtymgula barýan ýollar

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna — türkmen halkynyň dana ogullary Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň guburyna zyýarata gidýän edebiýat we sungat, medeniýet işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň düzümine goşulandygymy aýdanlarynda begenjimden ýaňa depäm gök diredi. Aşgabat demir ýol menzilinden dabara bilen ýola düşenimizde, biziň bilen gidip barýan ak sakgally, nurana gojalaryň biriniň aýdan sözi ýüregime jüňk boldy: — Öňki döwrüň taryhçylary taryhy wakalary ýazanlarynda aýratyn şanly wakalary altynsow reňkli zagpyran syýa bilen ýazýan ekenler. Şu günem altyn harplar bilen ýazylmaly gün! — diýdi.

On iki sany... (Hekaýa)

Başga obalarda nähilidigini bilemok welin, biziň obamyzda ýaz gelip, howa maýlansoň, hojalykçy zenanlar kürk towuklaryny basyryp, jüýje çykarmagyň irginsiz aladasy bilen başagaý bolýarlar. Şolaryň arasynda ejemiň halypalyk etmeginde biziňem maşgalamyz bardy. Şeýle günleriň birinde ejem howlymyzyň aýak ujundan alty sany ýer ketek gazdyrdy. Üstüni akbaşdyr ýandak bilen basyryp, içine saman düşedi. Soňundanam doganym Ogulnar bilen ýygnan ýumurtgalarymyzy bir ýere üýşürtdi-de, olaryň daşyna atanak şekilli edip, howludaky meýdan ojagyň üstünde duran kyrk gulak gazanyň garasyny çaldyrdy. Çalnan şol gara bellikler bardy-geldi basyrylýan towuk şol ýumurtgalaryň üstüne täzeden ýumurtgalaýsa, olary tapawutlandyrmak üçin gerek eken.

Düýe maly — dünýe maly

Halkymyzda «Aňmaza düýe görünmez» diýen nakyl bar. Bu nakyl düýe malyna belet bolmasaň, onuň häsiýetli aýratynlygyny, nesil ulgamyny bilip bolmaýar diýen manyny berýär. Gum obalarynda ýaşap, ömürboýy düýäň yzynda gezen adamlaryň aýtmagyna görä, bugradan bugra gaýsa, ondan bolan köşek bugra bolýar. Eger bir örküçli arwana düýe bugradan önse, ol erkek bolsa iner, inen bolsa maýa diýilýär.

Güller hakynda

Dünýäde reňkli gülleriň 270 müňden gowrak görnüşi bar. Bulardan, takmynan, 35 müňüsi dürli görnüşli güllerdir. Bu soňky san däl. Alymlar her ýyl gülleriň täze görnüşlerini tapýarlar. Gülleýän ösümlik ömrüni köküni kökläp, baldak ösdürip ýetişdirýän tohum hökmünde başlaýar. Soňra baldakda ýapraklar we gül emele gelýär. Tozanlamak arkaly täze ösümlikleriň tohumyny öndürýär. Alnan tohumlar topraga düşýär, gögerýär we aýlaw gaýtalanýar.

Erik bişende... (Oýlanma)

Men çagakam howlymyzyň sag ganatynda ösüp oturan üç düýp erik agajy miwesiniň datlylygy bilen beýleki eriklerden tapawutlanýardy. Enemiň atlandyryşy ýaly, bizem ol erikleri «atamyň erigi» diýip atlandyrýardyk. Miwesi ýetişen wagty orta ululykdaky gyzylymtyl sary öwsüp duran erikleriň tagamy örän üýtgeşikdi. Enemiň ol eriklerden yhlas edip ýygyp, kölegede guradyp, taýýarlaýan kişdelerini diýsene! Howluda başga-da erik agaçlary kändi. Ýöne biziň üçin bu üç düýp erik aýratyn ezizdi. Atamyň özi-hä: «Bu howludaky erikleriň hemmesi bir kökden ýaýran, ýöne men bu üç düýbi öz elim bilen oturtdym, öýe has golaý ýerleşensoň, ilki bilen, şulara seredýän. Size üýtgeşik ýaly duýulýany şonuň üçin bolaýmasyn» diýerdi. Enem bolsa: «Ataňyz şol üç düýp erigi öz çagalary ýaly eziz görýär, her gün irden turup, şolaryň ýanyna baryp, esli wagt olaryň daşyndan aýlanyp, olar bilen «gürleşýär». Şonuň üçin ol erikler beýleki eriklerden tapawutly» diýip degşen bolardy. Ýöne enemiň degşip aýdýan bu gürrüňleri gaty bir degişmä-de meňzänokdy. Degişmä görä hakykata has ýakyndy. Özümem kän gezek ir bilen atamyň şol erikleriň ýanyndan aýrylman, öz-özi bilen gürleşýän ýaly bolup ýöreniniň şaýady bolupdym. Iň täsin galdyrýan ýeri-de, atam segsen ýedi ýaşap, «dünýäsini täzelänsoň», bir ýyldan kän wagt geçmänkä ol erikler hem guramak bilen boldy. Men şonda «Diňe adam ogly däl, eýsem, agaçlaram ezizlenenini, mähir

Körpelere okap beriň!

Tomus Yzda galdy ýaz pasly,Tomus – yssy düşüpdir.Ýetişipdir halyly,Eýýäm erik bişipdir.

Hereketiň soňy — bereket

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gök we bakja önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan Murgap etrabynyň kärendeçileri ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirdiler. 1 müň 150 gektar meýdanda öz wagtynda ekilen bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günler bu ýerde daýhan azaby siňdirilip kemala getirilen bitginli hasyly ýygnamak işleri güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Şu möwsümde 16 müň 100 tonna ýeralma hasylyny ýygnap, meýilnamany üstünlikli berjaý etmäge çalyşýan etrapda işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýeralmadan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna 241 kärendeçiniň ählisi goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi jogapkärli möwsümiň işleriniň has netijeli bolmagyna oňyn täsir edýär. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary bilen ýygy-ýygydan höweslendirilip durulýan kärendeçileriň hemmesi işjeň. Etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginden Maýsa Annalyýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Hormat Kerimow, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Bägül Täjiýewa ýaly kärendeçileriň atlarynyň guwanç bilen agzalýandygyny aýtmak gerek.

Bol hasylyň aladasynda

Tarp ýerli Garagum etraby Mary welaýatynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan etraplaryň biri. Şonuň üçin etrabyň «ak altyn» ussatlary gazanýan netijelerini Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has hem ýokarlandyrmak maksady bilen, 20 müň 400 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaçanyň naýbaşy sortlaryny ekip, ondan 48 müň 900 tonnadan gowrak «ak altyn» almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu günki gün uzaklara ýaýylyp gidýän ekin meýdanlarynda ýaşajyk ösümlikler ülpüldeşip, göreniň göwnüni göterýär. Bol hasyl almak üçin möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyna garagumly pagtaçylar öz iş tejribeleriniň mysalynda göz ýetirip gelýärler. Şeýle bolansoň, häzir pagtazarlyklarda otag, ýekelemek, hatarara bejergilerini talaba laýyk geçirmek, gowaçalary goşmaça iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler ýokary guramaçylykly we utgaşykly dowam etdirilýär. Şu günler gowaçalaryň hatarara bejergisinde yzyna degişli gurallar tirkelen traktorlaryň 100-den gowragy öndürijilikli işledilýär. Işine ökde mehanizatorlar tarapyndan erk edilýän şol traktorlaryň 40-a golaýy daýhan birleşiklerine, 45-si oba hojalyk önümçilik birleşigine, galanlary

Öňdebaryjylar höweslendirilýär

Ýakynda Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň bilelikde guramagynda galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň armasy ýetirilip, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşululary, Galla oragy möwsümine gatnaşýan kombaýnçylar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülküli sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.