Milli manadyň 31 ýyllygyna
1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.