Güýz

15 Oktýabr 2024
405

Türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýakynda merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjegi – «Laçyn» seýilgähinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy hem iki halkyň arasyndaky dost-doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşany boldy. Biz hem gazak edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň döredijiliginden bir parçany okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Bulutlar asmanyň tutupdyr ýüzün,
Çal duman güýz bolup örtüpdir düzüm.
Bilmedim doýupmy, üşäp doňupmy,
At, taýlar ýaryşyp, görkezýär özün.

Terjime eden Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».