Beýik başlangyçlara beslenýän 2024-nji — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar eziz Watanymyzyň adyny arşa göterip, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginde 2012-nji ýyldan bäri kärendeçi bolup zähmet çekýärin. Biz — kärendeçiler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawy esasynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga öz goşandymyzy goşýarys. Bize öndürijilikli işlemäge ähli şertler döredilýär. Munuň üçin oba hojalyk işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarynyň çägi ýok.
Şu ýyl 19,5 gektar kärende ýerimde ýetişdiren ak bugdaýymyzdan 64 tonna hasyly Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamamy artygy bilen ýerine ýetirdim. Zähmetiniň miwesini görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretlerine guwanyp ýaşamaga, işlemäge döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.