22-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.