Jana melhem – arassa agyz suwy

28 Maý 2024
250

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu ýerde ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendigini bellemek has-da ýakymly. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiz kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kubmetr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kubmetr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şol gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşuryldy.

«Bereketli toprak».