Arçyn zenan

28 Maý 2024
519

Mekdep okuwçysykam «Kärizgenler» çeper filmine tomaşa etmegi diýseň halardym. Ylaýta-da, şol filmdäki kolhoz başlygy Bahargül gelnejäniň, ýagny türkmeniň at üstündäki gaýratly zenanynyň keşbi hiç göz öňümden gitmeýär. Onuň bedew atyň üstünde merdem oturyşyna, gaýratlylygyna haýran galardym.

«Kärizgenler» çeper filmini ýatlamak bilen, häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan, halal zähmeti bilen köplere görelde bolýan zenanlaryň az däldigini nygtasym geldi.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak». SURATDA: arçyn Baýramgül Amanmuhammedowa.