Düzgünleri berjaý edeliň!

4 Iýun 2024
240

Dowardarçylygyň esasy ot-iým binýady öri meýdanlarydyr. Öri meýdanlarynyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşi ir ýetişip, tomusda gurap başlaýar we howanyň gyzyp başlamagy bilen, öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalamaly, soňra ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyna göz ýetirilenden soň, howanyň şemalsyz wagty ot ýakmaga rugsat berilýär. Ot ýakylyp bolnandan soň, oňa suw sepip ýa-da üstüne gum sürüp, ody doly söndürmeli. Otdan uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirip, düşelge ýerinden gitmek bolar.

Awtoulaglaryň sürüjileri öri meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsseçykaryndan uçgunyň guran ot-çöplere düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Şonuň üçin öri meýdanlaryna gidýän awtoulaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlar bilen üpjün etmeli.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölüminiň müdiri.