"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Et ugurly jüýjeleri iýmitlendirmegiň biotehnologiýasy

Ýurdumyzda «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Ol ýurdumyzda amaly we düýpli ylmy barlaglary ýurduň ykdysady ýagdaýyndan, dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan oba hojalyk mallary üçin ot-iým garyndylaryny taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň usullaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlarynda premiksler, witaminler, biogoşundylar bilen bir hatarda, mikroskopik suwotular hem giňden ulanylyp başlandy. Olara ýaşyl mikroskopik suwotulardan bolan hlorella hem degişlidir.

Körpelere okap beriň!

Pişme Towşan, tilkidir pyşbaga,Kirpi, torsuk hem-de pişik,Bile ýaşaýar tokaýda,Öýjagaz gurnup üýtgeşik.

Ýaşlygynda kämillige ýetişen (Hekaýa)

Magtymguly ýaşlygyndan deň-duşlary bilen giň sähralara gidip, ekin ekmegi, mal bakmagy gowy görerdi. Magtymguly dostlary bilen dagyň hoştap howasyndan dem alyp otyrkalar, aňyrdan Garrymollanyň gelýänini hem duýmadylar.

Güller hakynda paýhasly sözler

Her gülüň öz ysy bar, Her gyzyň bir näzi.

Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtadylar.

Hoşniýetli doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda aýdanlaryndan

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bardyr. * * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.A.AMANGELDIÝEW hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.

Ilkinji «akylly» şäheriň binagärlik aýratynlyklary

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Şol gün ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

«Bizde muňa daýhan tomsy diýerler»

«Bazarda bal akýar» diýen aýtgy howaýy mahabat däl. Ol ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna oňyn baha berlip, hak aýdylan aýtgy. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýleni. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek üçin bazarlara, söwda merkezlerine baryp göräýmeli. Hemişe bolşy ýaly, şu günler olaryň tekjelerindäki harytlary, şol sanda ysy burk urýan dürli görnüşli gawun-garpyzlary, miweleri, dürli ir-iýmişleri, bakja önümlerini görseň, gözüň dokunýar, synlasaň, synyň oturýar. Münder-münder gawun-garpyzlaryň, şetdalylaryň, almalaryň, erikleriň, üljeleriň, garalydyr saralylaryň deňinden biparh geçip bolanok. Iň bolmanda, olaryň bahasy bilen gyzyklananyňy duýman galýarsyň. Nyrhlary bolsa elýeterli.

Sport. Sagdynlyk. Ruhubelentlik

Şu günler göwünleri galkynýan türgenlerimiz Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak ugrunda göreşýärler. Sportda üstünlige ýetmek üçin türgenler irginsiz türgenleşip, hemişe kämillige ymtylýarlar. Diýarymyzda döredilen häzirki zaman sport düzümleri ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesine sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýäni we sporty jemgyýeti jebisleşdirýän umumymilli gymmatlyga öwren döwletimiz türgenleriň halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli şertleri döredýär. 2022-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak bilen baglanyşykly maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek boýunça yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasy boldy. Türkmen türgenleri soňky iki ýyldan gowrak döwürde dürli halkara ýaryşlarda baýrakly orunlaryň ençemesini eýeläp, Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Önümleriň bolçulygy döredilýär

Balkan welaýatynyň zähmetkeş daýhanlary ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Welaýatyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň daýhan birleşikleriniň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümleri diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Taýýarlyklar ýaýbaňlanýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolan «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri bu ýyl 1 müň 200 gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Hojalykda täze ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk işine, hasyl ýygnalandan soň, bada-bat girişdiler. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, ýeňil tekizlemek, çil çekmek işleri barha gyzyşýar. Bu işlerde daýhan birleşigi boýunça tehnikalaryň 6-sy netijeli işledilýär. Gallaçy kärendeçileriň samandan arassalanan ýerlerinde Täşli Baýlyýew, Meretdurdy Amannazarow, Magsat Mamyşow, Rejepdurdy Agamedow ýaly mehanizatorlar önjeýli zähmet çekýärler. Olar tekizlemek, çil çekmek işiniň bol hasylyň girewidigine düşünmek bilen, ýerine ýetirýän işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiljek ýerlerine tagt suwuny tutmak, ekiş geçirmek işleriniň wagtynda we oňat hilli geçirilmegini üpjün etmekde taýýarlyklaryň depginini gowşatmaýarlar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegine hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.

Işiň depgini hem-de hili ýokary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň däneçilik babatda zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşan Mary welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary geljek ýylda alynjak gallanyň güýzki ekişine ekin meýdanlaryny taýýarlamak işine-de berilýän ünsi günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda Baýramaly etrabynda ýola goýlan işler hem ýörite bellärliklidir. Bu ýerde häzir güýzki däne ekişi geçiriljek meýdanlary şüdügärlemek işi depginli dowam etdirilýär. Etrap boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek 18 müň 100 gektar ýeri şüdügärlemek meýilleşdirilýär. Bu möhüm agrotehniki çäräniň aýny wagtynda amala aşyrylmagy üçin bolsa gursagy hyjuwdan doly, işeňňir hem tejribeli mehanizatorlara ynanylan tehnikalaryň 20-si bökdençsiz işledilýär. Işiň diňe depginine däl, eýsem, hiline-de uly üns berýän mehanizatorlardan düzülen toparlaryň arasyndaky özara bäsleşik günsaýyn giň gerime eýe bolýar.

Ýaş nesliň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň hukuklaryny goramak, durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy döwlet tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan gazna bolup durýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bu gaznanyň döredileniniň 3 ýyllygy giň gerim bilen bellenip geçildi.

Sanly ulgama geçmegiň ykdysady ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýäde ykdysady gatnaşyklaryň globallaşmagy, önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň milli çäkden çykyp, halkara söwda gatnaşyklarynyň kämilleşmegi netijesinde sanly ykdysadyýetiň her bir ulgama ýokary derejede ornaşdyrylmagyna getirdi. Biziň ýurdumyzda hem bu ugurda birnäçe konsepsiýalar kabul edildi. Olarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlenendir. Türkmenistanda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň düzümleri üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesiniň iň oňyn taraplary öwrenilýär.

Hasyllylygy kesgitlemegiň usullary

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ekin meýdanlarynyň görkezijileri bilen berk baglydyr. Ekinleriň hasyllylyk derejesi kesgitlenende, olaryň jemi ýygnalan hasylyny we ekin meýdanyny häsiýetlendirýän görkezijiler peýdalanylýar. Öz aralarynda tapawutlanýandyklaryna garamazdan, hasylyň we hasyllylygyň görnüşleri biri-biri bilen baglanyşykly bolýarlar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmekde, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täzeçilligi girizmekde uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, pudagy ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.

Tokly – urbalyk mal

Dowardarçylykda ýaş guzulary talabalaýyk, dogry ösdürip ýetişdirmek iň jogapkärli çäreleriň biri. Guzuly goýunlary talabalaýyk idetmek üçin olardan uly bolmadyk aýratyn toparlar (körpe, orta, tokar we uly topar) düzülýär. Bu toparlarda, guzularyň ýaşy, ösüş derejesi we saglyk ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa ýaş guzulary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly we netijeli usul hasaplanylýar. Soňky uly topara geçirilen 15 günlük guzular tä enesinden seçilip aýrylýança, 4 – 4,5 aýa çenli eneleri bilen bile bakylýar. Ýaş guzulary tomus pasly jöwzaly yssy howada gün urmaz ýaly, ýerli materiallardan (gamyşdan, ýylgyndan) gurlan taşanyň aşagynda saklamaly. Guzuly goýunlary gün içinde iki gezek süýji suw bilen üpjün etmeli. Ajy, şor suw guzularyň içini geçirýär. Guzulary suwa ýakmak üçin guýynyň gapdalynda pessejik suw nowalaryny goýmaly. Guzular nowadan suwa ýakylmasa, mejbur bolup, ýata, hapa suw içýärler, bu bolsa olary garyn-içege kesellerine duçar edýär. Mallar suwa ýakylanda çopan süriniň yzyna eýgermejek gowşak, göýdük, näsag guzulary we keselli goýunlary saýlap, süriden çykaryp, goşmaça iýmlemegi guramaly (günde mal başyna 200 – 300 gram iým berilýär). Näsag mallary mal lukmanyna görkezmeli.

Çakyzalynyň çaklamasy (Hekaýa)

Ir döwürler adamlar ýyldyzlaryň hereketine, Aý-Günüň dogup, ýaşyşyna syn edip, ertir howanyň nähili boljakdygyny bilipdirler. Bu barada eşide-eşide gananam bolsak, obamyzyň gan basyşy ýokary bolan käbir ýaşaýjylarynyň arasynda-da howanyň ýagdaýyny öňünden bilýänleriniň bardygy käte-käteler gulagymyza degerdi. «Pylanynyň-a şu gün çakyzasy tutupdyr» diýildigi, onsoň howanyň üýtgärine garaşybermelidi. Şeýle adamlaryň biri-de, öýümize iň golaý ýerde ýaşaýan uzak ýaşly Akmeňli ejedi. Ol aram-aram «Häk, şu çakyzaly bolmadyk bolsam, kelläm dagy tut ýaly bolup, agyry golaýyma gelmezdi» diýip, başyny ýaýkardy. Şeýle günleriň birinde mekdepde tebigaty öwreniş dersinde sapak geçip otyrkak, mugallym: