Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

13 Awgust 2024
126

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtadylar.

Gandym ORAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.