"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Yşk deregi (Gülküli kyssa)

Yşk deregi (Gülküli kyssa) Obamyzyň ilerisinden geçýän noburdan gözbaş alyp gaýdýan ýabyň boýunda uzaklardan hellewläp görünýän iki sany köp ýaşan derek bardy. Olar biri-birine juda ýakyn bolansoň, hamala bir jübüt däl-de, bitewi bir derek ýaly görünýärdi. «Yşk deregi» diýýärdiler. Bu ady kimiň dakanyny bilýän ýok. Ýöne diýseň-diýmeseň, ol at tüýs ýerine düşüpdir. Şol goşa deregiň biriniň boýunyň beýlekisinden sähelçe beýikligi yşkyň humaryndan başlary aýlanan aşyk-magşuga çalym edýärdi.

Şygryýet älemi

Eziz obam (Oda) Meni senden aýryp bilmez aýralyk,Dogry, gaýdypdymam gollarmy salgap.Galyberdiň... Diýdim: «Bar zat haýradyr»,Ýagşy umyt-arzuwlara bil baglap,Atam ugradypdy, müň bir razydy.Okar, ertir adam bolar balasy.Edil oňat eser ýaly manyly Şäher onuň gyzyn juda halady.

Gaýduwsyz itaýy

Itaýylar (Mellivora capensis) — ýyrtyjylar toparyna, samyrlar maşgalasyna degişli haýwanlardyr. Bu jandar tebigatdan «Ýitip barýan görnüş» derejesi berlen haýwanlaryň biri. Şonuň üçin olar tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplarynyň sanawyna girizilendir. Bu jandar meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, orta ululykdaky, kelle-aýaklary güýçli we berk penjeli haýwanlardyr. Ol torsuga çalymdaş bolsa-da, onuň ýüzi gysgarak we togalak, gulaklary bolsa örän kiçi. itaýylar örän çalasyn, özge ýyrtyjy haýwanlardan, ýylanlardan gorkmaýarlar, onuň hamy öte galyň we gorag üçin ýiti dişleri hem-de dyrnaklary bar. Ýene bilmeli gyzykly zatlaryň biri, olary zäherli ýylanlar çakandan soňra, bu jandar ölen ýaly ýatyp, 20 — 40 minut geçensoň, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, öz ugruna turup gidýär.

Hemmämiziň borjumyz

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şonuň üçin öýden, iş ýerden gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaň! Işläp duran elektrik-gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak howpludyr. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan bu enjamlar gurnalanda, elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylyp, olaryň işleýän wagty gözegçilikde saklanmaly. Elektrik enjamlary gurnalanda, geçirijileriň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak gadagan edilýär. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda olary çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, simleriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Tomus pasly we onuň saglyga täsiri

Tomus paslynda ildeşlerimiziň köp sanlysy zähmet rugsadyna çykyp, şypahanalara dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge gidýärler. Howanyň has gyzan wagtynda zerurlyk ýüze çykmasa, öýden çykmak ýa-da gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Ylaýta-da, bu gartaşan adamlara we kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Öýden çykylanda, saýawan, ak ýaglyklar, baş gaplar bilen ýiti Gün şöhlesinden goranmaly. Gezelenje howanyň salkyn mahalynda irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, günüň ikinji ýarymynda bolsa 18:00 – 21:00 aralykda çykmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesiniň aşagynda ýa-da açyk meýdanda işleýän raýatlar ýanlarynda hökman arassa agyz suwuny götermeli we ondan wagtal-wagtal içip durmaly, işiň arasynda kölegede dynç almaly. Şeýle hem möwsüme görä geýinmeli we içilýän suwuň mukdaryny bedeniň talabyna görä, teşneligiň ganýança kabul etmeli. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlar suwa düşmegiň kadalaryny dogry berjaý etmelidirler. Hazar deňziniň kenarynda çägesöw ýerde ýöräp, tolkunlaryň sesini diňläp gezelenç etmegiň nerw ulgamyny rahatlandyryjy, ýakymly täsiri bar. Deňziň ýodly howasyndan dem almak kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrýar, ýod ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan keselleriň, osteoparozyň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Deňze suwa düşmegiň hem öz kadasy bar. Bir sagat ýaly suwa düşeniňden soň kenara çykyp, kölegede 15 – 20 minut dynç almaly we üstü

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary!Merdana gallaçy babadaýhanlar! Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1 million 400 müň tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mukaddes ynam

Uly şatlyk, dabara, Diýarda toý bu günler,Ganat ýaýyp asmana, arşa uçsun göwünler.Gözüň aýdyň, mährem il, zähmetsöýer gallaçy,1 million 400 müň tonna taýýar türkmen gallasy! Neneň joşmasyn ýürek, neneň gülmesin gözler,Berekedin, rysgalyn eçilipdir bu düzler.Ak bugdaýly meýdanlar halkymyzyň baýlygy,Depe-depe harmanlar ömrümiziň barlygy.

Edermen gallaçylaryň zähmet ýeňşi

«Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Parahat asmanly abadan ýurdumyzda zähmet mukamy bilen bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly ýaňlanyp, geljegine ynamly garaýan hem-de ony yhlasy bilen gurýan ildeşlerimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri baradaky hoş habarlar hem Diýarymyza tiz dolýar. Watanymyza söýgüsini onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ony ösdürmäge gönükdirilen işlerde aýan edýän, yhlasyny, tagallasyny ene topraga hyzmat edip, bol hasyl alyp dabaralandyrýan gallaçylarymyzyň gazanan üstünligi baradaky hoş habar hem ilimize doldy. Hawa, gallaçylarymyz gutlanylmaga mynasyp zähmet edermenligini görkezdiler. Olar Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Bu üstünlik ýurdumyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, ak bugdaýyň bol hasylyny alyp bilýän janypkeş, zähmetsöýer, edermen daýhanlaryň hem Watanydygyny ýene-de bir gezek dabaralandyrdy.

Erjelligiň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, daýhanlara berilýän yzygiderli döwlet goldawlarynyň oňyn netije berýändigine Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda yhlas siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gowaçaly meýdanlaryň idegini ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň janypkeş daýhanlarynyň azaby ýerine düşýär. Ahally gallaçylar 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, möwsümiň ilkinji günlerinden oragy gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işde täze tehnologiýaly däne orujy kombaýnlaryň 447-sinden netijeli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde welaýatyň Gökdepe, Babadaýhan etraplarynyň ak ekin ussatlary ilkinjileriň hatarynda arzyly pellehana ýetdiler. Gökdepeli gallaçylar ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan, babadaýhanly hasyl ussatlary 60 müň 700 tonnadan gowragyny harmana goşup, şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler.

Irki käşiriň hasyly ýygnalýar

Etrabymyzyň ekerançylary beýleki ekinler bilen bir hatarda her ýyl gök ekinleriň hem bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, etrabymyz ýurdumyz boýunça hem iri gök ekerançylyk etraplarynyň biri hökmünde tanalýar. Şu ýyl etrabymyz boýunça 140 gektar meýdanda käşir ýetişdirmek bellenildi. Şonuň saldamly bölegi irki käşirdir. Etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 520 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagta çenli etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 525 tonnasy ýygnaldy. Irki käşiriň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär.

Hojalygyň işi ileri

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Azatgeldi Baýjanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň tejribeli işgärleri ýylyň-ýylyna bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýokary zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Daýhan hojalygynyň kärendeçileri şu ýyl 1 müň 800 gektarda ekilen bugdaýly meýdanlardan 5 müň 33 tonna däne alyp, bellenilen meýilnamalaryny 175 göterim ýerine ýetirdiler. Şeýle hem şu ýyl hojalygyň daýhanlary 100 gektar meýdana ýeralma, 25 gektar meýdana sogan, 450 gektar ýere gowaça ekdiler. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ideg işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Daýhan hojalygynyň kärendeçileri kuwwatly tehnikalardan ýerlikli peýdalanmak bilen ekinleriň hasyllylygynyň artmagy üçin agrotehnikanyň kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegini gazanýarlar. Şeýle bolansoň, hojalygyň janypkeş işgärleriniň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet harmanyna oba hojalyk önümleriniň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar.

Miwesi datly baglar

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary Dädebaý Öwezgeldiýewiň, Hudaýberdi Narlyýewiň baglaryny synlan adamlar: «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» diýýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen ideg edilip ýetişdirilen baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Dädebaý Öwezgeldiýewiň 12 gektar bag ýeri bar. Ol indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Gallaçynyň aýasy...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň kesewini dürtseň gögerdýän keremli topragynyň haýsy künjüne barsaň-da, ygşyldap oturan gallaly meýdanlara gabat gelýärsiň. Magtymguly Pyragy: «Owwal Adam indi dünýä, bu dünýäni ekip geçdi» diýip, öz goşgusynda belleýär. Bu setirlerde ynsanyýet ýaşaýşynyň hemme döwürlerinde hem ynsan balasynyň ene toprak bilen bagry badaşyp, şonuň bilen eklenip gelendigi beýan edilýär. Ekerançylyk medeniýetiniň gitdigiçe kämilleşip, saýlantgy tohumlaryň seleksiýalary döredilipdir. Diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem, türkmen halk döredijiligine ser salsaň-da, ekerançylyk baradaky nakyllary, atalar sözlerini, sanawaçlary, aýtgylary näçe diýseň tapyp bolýar.

Gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti – desterhanlarymyzyň berekedi

8 - nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Birek-birege hormat — geljekki ösüşleriň binýady

Netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. 4-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ýokary derejeli duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi.

Belent maksatlary nazarlaýan tagallalar

Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli taryhy wakalara juda baý. Şol wakalaryň her biriniň özeninde agzybir hem-de merdana halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga, eziz ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen beýik maksatlar bar. Geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň, halkymyzyň ýalkanan ykbaly bilen bagly bolan ýakymly wakalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. BMG-niň Baş Sekretary Aşgabatda boldy

Kärendeçi tejribeli bolanda...

Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Bägül Berdimyradowa indi 14 ýyla golaý wagtdan bäri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, olardan bol hasyl alyp gelýär. Tejribeli daýhan kärendesine alan 10 gektar ýerinden Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda guşgursak ak bugdaýyň her gektaryndan 39 sentner hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, tejribeli kärendeçi şu ýyl 9 gektar meýdanda gowaça tohumyny ekip, oňat gögeriş aldy. Ol häzirki döwürde ekiniň ähli ideg işlerini wagtly-wagtynda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirýär. Bu bolsa, giň gözýetime uzap gidýän meýdandaky ýaşajyk gowaçalaryň günsaýyn boý alyp, bereketli hasyla durmagyna itergi berýär.

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Şu ýyl 1 müň 460 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýän «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri gowaçalaryň idegini kemsiz ýerine ýetirip, olaryň kadaly ösüşini, bol hasyl toplamagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaçalara hatarara bejergi işi bilen bir hatarda mineral dökünler berilýär, ösüş suwy tutulýar. Gowaçaly meýdanlara joýa çekmekde dürli kysymly tehnikalaryň 6-sy işledilýär. Atyzlara joýa çekmekde has-da göreldeli mehanizatorlardan Arazbaý Gurbangylyjowy, Döwletmyrat Käbäýewi, Rahat Togalakowy görkezmek bolar. Daýhan birleşiginiň çäginde gowaçalara ösüş suwuny tutmak üçin suw sorujy enjamlaryň 11-si işledilýär. Suw sorujulara jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olar enjamlaryň hemişe saz işlemegini gazanýarlar. Şeýle hem gowaçalary biologik usulda goramak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaçalara ideg etmek möwsüminde ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy ekiniň kadaly boý alyp, bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär.