"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Iň uly ýertudana Dünýädäki iň uly ýertudananyň agramy 289 grama deň. Ol adaty ösdürilip ýetişdirilýän ýertudanadan 20 esse uludyr. Bu ýertudana Çahi Ariel (Ysraýyl) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylda ösdürilip ýetişdirildi.

Çypar ýelbe

Biziň ýurdumyzda guşlaryň sany we görnüş dürlüligi ornitolog alymlar tarapyndan XX asyryň ortalarynda öwrenilip başlandy. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ýurduň ornitofaunasynyň düzümi barada maglumatlaryň ýylsaýyn üsti ýetirildi. Mysal üçin, 1952-nji ýylda — 367, 2011-nji ýylda — 417, 2013-nji ýylda — 422, 2018-nji ýylda bolsa 436 görnüş hasaba alyndy. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde we oňa golaý meýdanlarda guryýer, şeýle hem suw-batgalyk guşlaryň ýaşamaklary, höwürtgelemekleri we köpelmekleri üçin amatly ýerler bar (Gaplaňgyr, Gaňňagyr, Goýungyrlan, Tärimgaýa belentlikleri, Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor kölleri we başgalar). Bu ýerler özüniň iýmite baý bolmagy bilen guşlary özüne çekýär we olaryň iýmitlenmegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şert döredýär.

Gazly içgiler barada nämeleri bilýäris?!

Megerem, içi gazlandyrylan, süýjümtik tagamly, ýörite gaplara ýa-da aýna çüýşelere gaplanan içgileri içmegi halamaýanymyz az-az bolsa gerek. Öňler diňe baýramçylyk ýa-da toýdur meýlislerde içilýän gazly, alkogolsyz içgiler geçen asyryň aýaklarynda gündelik içimlige öwrüldi. Elbetde, taýagyň iki ujunyň bar bolşy ýaly, bu içgileriň peýdaly tarapy bilen birlikde, aşa köp içilen wagty saglyga zyýanly taraplarynyň hem bardygyny unutmaly däl.

Küşt oýnundan bäsleşdiler

Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňülerine gabat gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek, dynç wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Küşt oýny beýniniň gimnastikasy» atly dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly geçdi. Bäsleşikde iki topar, ýagny «Paýhas» hem-de «Bossan» toparlary özara bäsleşdiler. Netijede «Paýhas» atly topar ýeňiji boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Oba hojalygy: önümçilik gatnaşyklary pugtalandyrylýar

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Şäher gurluşygy: millilik, döwrebaplyk, ýokary hil

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. 27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen obasy galkynýar

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde wezipe edip goýýar. Öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän agrar özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Ýurdumyzda oba özgertmeleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Onuň dowam edýän häzirki tapgyrynda obasenagat toplumyny ösdürmäge, oba hojalyk ugurly ulgamlary döretmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň netijesinde däneçilik, pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk, miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryna telekeçilik, hususyýetçilik giňden ornaşdyrylýar. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýiş we hyzmat ediş düzümleriň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar. Özlerine berilýän giň goldawyň netijesinde türkmen telekeçileri tarapyndan maldarçylyk

Bereket — zähmetiň netijesi

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine görä, bol hasyl eçilýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň bu pähimi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has-da dabaralandy. Döwlet tarapyndan daýhanlara goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, olaryň tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyryp, galla oragynda zähmet ýeňşini gazanmaga ýardam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawyndan, zähmet çekmek, ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredýän amatly şertlerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 50 müň gektar meýdandan ak bugdaýyň bereketli hasylyny alyp, göz öňünde tutulan meýilnamany 101,7 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Häzirki günlerde bugdaýdan boşan meýdanlarda täze ýylyň hasyly üçin sürüm işleri ýerine ýetirilýär.

Baglary bol miweli

Boldumsaz etrabynyň «Almalyk» daýhan birleşiginiň bagbanlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky öňde goýýan wezipelerine jogap edip, bagçylygy ösdürmekde gaýratly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde kärendeçileriň onlarçasy bag idetmek bilen meşgullanýar. Olaryň şu günler aladasy has-da artdy. Miweli baglar aýratyn yhlasy, idegi talap edýär. Şeýle bolansoň, bagbanlar her bir çäräni wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Daýhan birleşiginde tejribeli bagbanlar barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri hem Amangeldi Soltyýewdir. Ol indi 26 ýyldan bäri kärendesine alan bir gektar miweli baga ideg edip, her ýylda armydyň, erigiň, almanyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Şalyçylaryň azyk bolçulygyna goşandy artýar

Şu günler Lebap welaýatynyň daýhanlary bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda, şala hem göwnejaý ideg edýärler. Welaýatymyzyň etraplarynyň ählisinde şaly ekildi we olar göwnejaý boý alyp, ösýärler. Geçen ýyllarda welaýatymyzyň toprakdan dür öndürýän daýhanlaryna şaly ýaly, bereketli ekini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler açyldy, amatly şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde şalyçylarymyzyň iş tejribesi ýylsaýyn baýlaşýar. Olar şalydan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny mäkäm özleşdirýärler. Welaýatymyzyň ekerançylarynyň her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk derejesiniň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda ýetişdirilen şaly önümine ýurdumyzda has uly isleg bildirilýär. Diýarymyzyň gündogar sebitinde şalynyň bol hasyl bermegi üçin toprak-howa şertleri hem doly laýyk gelýär. Süýji suwly Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlary suwaryldygysaýyn has gowy ösýän we hasyl toplaýan şaly üçin örän ýaramly hasap edilýär. Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 16-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Baýram Berdimyradow hem özüniň halal, göreldeli zähmeti bilen obadaşlaryna özüni tanadan daýhanlaryň biri. Ol indi 9 ýyldan bäri 10,5 gektar ýere şaly ekip gelýär. Baýram Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda her gektardan 50 sentnerden hasyl alyp, jemi Watan har

Garagumuň gujagyndaky ýol

Ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň, bag ýetişdirmegiň sogap işdigi ýaşlygymyzda gulagymyza guýlan hakykat. Halkymyz täze müňýyllykda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady nusgasyny gurýar. Bu taslamanyň tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigi şübhesizdir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan, Owganystan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Bu ýol dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Änew medeniýeti — milli buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden medeni gymmatlyklary diňe sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine uly goşant goşdy. Mälim bolşy ýaly, mundan ençeme asyrlar öň dörän taryhy, medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar häzirki döwürde-de düýpli öwrenilip, geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi-de, munuň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, tutuş ýylyň dowamynda bu gadymy şäheriň ýadygärlikler toplumynyň şanşöhratyny bütindünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredi. Ylmy çeşmelerden bilşimize görä, Änew şäheriniň at-owazasy asyrlara uzan künjegiň taryhyny öwrenmäge gatnaşan, bu ugurda uly işleri amala aşyran alymlar, arheologlar gadymy mekanyň geçmişini öwrenmekde asylly goşant goşdular. Änew medeniýetini öwrenmek bilen, köp sanly ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň üsti açyldy. Şol tapylan ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň örän gadymylygy, gymmatlydygy subut edildi.

Saryja tomus: Üçýyldyz döwri

Türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Ýyldyz senenamasynyň döwürleri özboluşly howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýyldyz senenamasynda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýen atlar bilen ýatlanylýan Üçýyldyz döwri bilen baglanyşykly maglumatlar has-da gyzykly. Bu barada öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat Medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez ALLAJYKOWA ýüz tutdy. Şonda ol bu döwür baradaky pikirlerini, çaklamalaryny özüniň toplan baý durmuş tejribesine we ýylyň-ýylyna biri-biriniň üstüni ýetirip gelýän baý gözegçilik maglumatlaryna esaslanyp, şeýle gürrüň berdi: — Halkymyzda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýlip atlandyrylýan Üçýyldyz döwri bu paslyň iň petiş, iň yssy günlerini öz içine alýar. Üçýyldyz dymyk, petiş howaly, Gün şöhlesiniň ýiti günlerinde — iýul aýynyň 23-ine daňdan dogýar we bu döwür awgust aýynyň 12-sine çenli, Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär. Ol hem 12-nji awgusta, daňdan sagat dörde gabat gelýär.

Günebakar — ýag berýän ekin

Günebakar (Helianthus L.) ösümliginiň 250-den gowrak görnüşi bar. Ol bir we köpýyllyk otjumak, ýarymgyrymsy we gyrymsy ösümlikdir. Birýyllyk ekilýän günebakar (Helianthus annus L.) we köpýyllyk günebakar — ýer armydy (topinambur). Günebakaryň bezeg hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän görnüşine ylmy dilde «Helianthus cucumerifolius» diýilýär. Ol häzirki wagtda Helianthus annus L. hem-de Helianthus çultus — medeni günebakar we Helianthus ruderalis — ýabany günebakar görnüşlerine bölünýär. Günebakaryň ýabany görnüşi (Helianthus ruderalis L.) haşal otlara degişlidir. Olar medeni görnüşleriň başlangyçlary bolup, Amerika sebitlerinde duş gelýär. Günebakaryň medeni görnüşi dünýäde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ilki ol bezeg ösümligi hökmünde ulanylypdyr. Soňra ösümlik ýagyny almak üçin we seçgisi arkaly çigitlenýän görnüşleri döredilip, ekerançylykda ulanylyp başlapdyr. Seleksion ylmy-barlag edaralarynda hem günebakaryň siloslyk görnüşleri döredilip, maldarçylykda ot-iým bolup hyzmat edýär.

Kemal çopanyň ogly (Hekaýa)

Geçen asyryň başlaryna, takmynan, 1912-nji ýyl diňe bir türkmen sährasyna däl, Çendir jülgesine-de gurakçylyk aralaşdy. Asmandan katra nem dammady, ýabyň çeşme suwlary çekildi. Adamlar agyz suwuny hem eşekdir düýelere ýüklenen çelekler arkaly örän uzaklardan daşamaga mejbur boldular. Il-günüň güzerany gün geldikçe kynlaşýardy. Gurakçylygyň näçe wagta çekjegi gümana. Şonuň üçin gökleň hany Atanyýaz suwsuzlyk zerarly heniz oba keselçilik aralaşmanka, olaryň ertirki günleriniň hem aladasyny edýärdi.

Döwletliden döwlet ýoksa...

Ir döwürlerde gum depelerini etekläp oturan obada Näzdurdy atly düýe çopan ýaşaýardy. Onuň düýe sürüsi has uludy. Näzdurdy tüýs maljanly çopandy. Düýäniň süýdi, agarany, çaly adam saglygy üçin derman. Onuň ýüňünden saçak, agar çäkmen, guşak taýýarlanýar. Bulary dokamaga Näzdurdy çopanyň aýaly Gurbanbagt eje ökdedi. Gurbanbagt eje gapydan gelen her bir adamy güler ýüz bilen garşy alardy hem-de onuň ýumşuny bitirerdi. Ol gor küýzelerini arassa saklap, olarda saklanýan düýe çalyny tämiz tutardy.

Aral deňzi: gaýtadan döreýiş

«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar » diýleni. Munuň şeýledigini birwagtlar gurap çöllüge öwrülen Aral deňziniň mysalynda aýtsa bolar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň Aral deňzini gaýtadan dikeltmek baradaky bilelikdäki tagallalary netijesinde deňziň suwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,5 esse artdy. Gazagystan hem-de Özbegistan döwletleriniň araçäginde ýerleşýän Aral deňziniň dolanyp gelmeginde Gazagystanyň Gyzylorda welaýatynda gurlan Kokoral bendiniň hem oňyn täsiriniň bardygyny bellemek zerur. Bu bendiň gurulmagy bilen günbatar Aralda suwuň möçberi artdy.

El işleriniň bäsleşigi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly el işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Onda «Güneş» hem-de «Bägül» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzlar milli el işlerimizi taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Güneş» gyzlar topary ýeňiji bolup, toparyň wekillerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Geljekki hasylyň düýbüni tutmak şu günden başlanýar

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär: