Döwletliden döwlet ýoksa...

30 Iýul 2024
352

Ir döwürlerde gum depelerini etekläp oturan obada Näzdurdy atly düýe çopan ýaşaýardy. Onuň düýe sürüsi has uludy. Näzdurdy tüýs maljanly çopandy.

Düýäniň süýdi, agarany, çaly adam saglygy üçin derman. Onuň ýüňünden saçak, agar çäkmen, guşak taýýarlanýar. Bulary dokamaga Näzdurdy çopanyň aýaly Gurbanbagt eje ökdedi. Gurbanbagt eje gapydan gelen her bir adamy güler ýüz bilen garşy alardy hem-de onuň ýumşuny bitirerdi. Ol gor küýzelerini arassa saklap, olarda saklanýan düýe çalyny tämiz tutardy.

Töre NOBATOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.