Oba hojalygy: önümçilik gatnaşyklary pugtalandyrylýar

30 Iýul 2024
104

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.