Garagumuň gujagyndaky ýol

30 Iýul 2024
132

Ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň, bag ýetişdirmegiň sogap işdigi ýaşlygymyzda gulagymyza guýlan hakykat. Halkymyz täze müňýyllykda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady nusgasyny gurýar. Bu taslamanyň tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigi şübhesizdir.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan, Owganystan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Bu ýol dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Nurbike AMANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň esasy maslahatçysy.