Atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap dowamata atarylýar

14 Maý 2024
199

11-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.