Türkmen-Tatar gatnaşyklary: döwletara dialogyň aýdyň netijeleri

21 Maý 2024
131

Häzirki wagtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki gepleşikler türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda söwda-ykdysady gatnaşyklara täzeden itergi berildi. Bar bolan kuwwatlyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Biziň doganlyk halklarymyzy taryhy kökleriň ýakynlygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu köpasyrlyk däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Ynha, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 15 — 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy-da aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.