«TESLA»-nyň paýnamalary üçünji çärýegiň hasabatyndan soň pese düşdi

23 Oktýabr 2022
996

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň elektromobilleri öndürýän «Tesla» kompaniýasynyň maliýe hasabatlaryna we söwda maglumatlaryna laýyklykda, kompaniýanyň 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde gazanan sap girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse artyp, ABŞ-nyň 3 milliard 292 million dollaryna barabar boldy. Muňa garamazdan, kompaniýanyň paýnamalary deslapky birža söwdalarynda 6,3% töweregi pese düşdi.

Hasabat döwründe «Tesla»-nyň her paýnamadan alan paý peýdasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdireniňde, 2 essä golaý ýokarlanypdyr. Kompaniýanyň söwdalary 1,6 esse artyp, ABŞ-nyň 21 milliard 454 million dollaryna deň bolupdyr.

Ezizmuhammet ABAÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa mugallymy.
Beýleki habarlar