Goşa mukaddesligiň şanyna tutulýan toý

14 Maý 2024
317

Täze taryhy eýýamda bagtyýar halkymyzyň durmuşy toý-baýramlara, şanly senelere, üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Agzybir halkymyzyň dabaraly belleýän baýramlarynyň biri-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Ata watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda bu baýram şanly waka hökmünde bellenmek bilen, milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly baýram barada şeýle belleýär: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir».

Gülbahar GURBANOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň uly mugallymy.